2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Milli mirasym, gözel tebigatym» atly göçme sergi gurnaldy

 

2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Etnografiýasy  ylmy  barlag bölümi tarapyndan Gökderedäki «Altyn damja»çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Milli mirasym, gözel tebigatym» atly göçme sergi gurnaldy.  Bu sergide türkmen halkynyň gadymdan galan egin-eşikleri, haly önümleri, durmuş esbaplary we ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň dürli görnüşleriniň   gäpleri  görkezildi. Okuwçylar sergide gelin-gyzlaryň gadymy egin-eşikleri barada gyzykly maglumatlary diňlediler we guşlaryň her görnüşiniň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi bilen tanyşdylar. Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri Türkmenistanda seýrek duş gelýän haýwanlary goramakda Döwlet goraghanalarynda alnyp barylýan işleri barada gürrüň berdiler.