«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli 2020 - nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Demirýolçy» cagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde göçme sergi gurnaldy

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny ylmy taýdan çuňňur öwrenip, mekdep okuwçylarynyň ünsüni çekmek, geljekki nesillerimize ýetirmek babatda milli mirasymyza içgin aralaşýan muzeý işgärleri tarapyndan uly işler alnyp barylýar.

Tomusky dynç alyş möwsümine çykan mekdep okuwçylary ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezlerine dabaraly ýagdaýda ugradyldy. Ol merkezlerde çagalar üçin peýdaly duşuşyklar yzygiderli geçirip durulýar.

2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli muzeý gaznasynda goralyp saklanylýan gymmatlyklaryndan düzülen sergi gurnady. Sergide milli egin-eşiklerimiz, haly we haly önümleri, dokmaçylykda ulanylýan gurallar, milli saz gurallary, durmuş esbaplary görkezilýär.