2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda ekologiýa boýunça bäsleşik geçirildi

Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölümi ýaş nesillerimiziň ekologiýa medeniýetini artdyrmak maksady bilen ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä  güniniň öňüsyrasynda ekologiýa  boýunça bäsleşik gurnaýar. Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa we geografiýa fakultetleriniň talyplaryna ekologiýa boýunça testler hödürlenildi. Bäsleşigiň netijesi Ylymlar gününe bagyşlanan serginiň açylyş dabarasynda jemleniler. Tapawutlanan talyplar sylaglanar.