2020-nji ýylyň 7-nji maýynda muzeýde gurnaklaryň nobatdaky sapaklary geçdi

«Ýaş suratkeş» gurnagynyň şu günki temasy «Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli kompozisiýa we plakat çekmek» boldy. Okuwçylar kagyzyň ýüzünde bu baýramçylygy wasp edip dürli şekilleri, ýagny adamlaryň gözel paýtagtymyzda ýerleşýän ýadygärliklere gül desselerini goýup duran pursatlaryny suwly reňkleriň kömegi bilen ýerine ýetirdiler. Surat sapagyny geçiren Döwlet muzeýiniň Çeper-dikeldiş we rejeleýiş işleri bölüminiň 1-nji derejeli suratkeş-rejeleýjisi Maýsa Abdullaýewa.

«Ýaş tebigatçy» gurnagyň okuwçylary sapaklarynda Pişikler maşgalasyna  degişli haýwanlar bilen tanyşdylar. Olar Tebigat we ülkäni öwreniş muzeýinde ýerleşen pişikler maşgalasyna degişli görnüşler bilen tanyşdylar. Sapagyň dowamynda dünýäde we Türkmenistanda duş gelýän hem-de  tebigatymyzdan ýitip giden  pişikler bilen tanyşdylar. Geçilen sapagy berkitmek üçin çagalar bilen barlagnama esasynda sorag-jogap alyşyldy. Sapagy Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ylmy işgäri Bägül Atabaýewa geçirdi.

«Ýaş taryhçy» gurnagynda çagalara «Türkmenistanyň taryhy ýädigärliklerine» degişli rowaýatlar gürrüň berildi. Çagalar  Döwlet muzeýiniň taryh zallaryna aýlanyp ekskursiýa aldylar.

Sapagy has-da berkitmek maksady bilen okuwçylaryň aralarynda sorag-jogaply bäsleşik geçirildi. Sapagy muzeýiň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň ylmy işgäri N.Durdykakaýewa geçirdi.