«Galkynyş muzeýi » şahamçasy

 Häzirki zaman interaktiw enjamlary bilen abzallaşdyrylan alty zaldan ybarat “Galkynyş muzeýi” şahamçasynda türkmen halkynyň belli şaýsyýetleri, gadymy taryhy, baý medeni mirasy bilen tanyşmak bolýar. Birinji zal Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanýar. Zalyň merkezinde aýratyn pýedestalda döwletimiziň esasy kanunlary we kodeksleri görkezilýär. Ikinji zalda Türkmenistanyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, döwletimiziň kanun çykaryjy ykrarnamalary, Türkmenistanyň taryhyny gürrüň berýän dürli ýyllarda çap edilen neşirler görkezilen. Beýleki bölümiň aýratynlygy eliň hereketi bilen gerekli elektron kitaby saýlap okap bolýan döwrebap interaktiw tehnologiýalar bilen üpjün edilmegidir. Kitaplar baradaky maglumat üç dilde: türkmen, iňlis we rus dillerinde görkezilen. Muzeýiň üçünji zaly halk hojalygyna we Milli ykdysadyýetiň wajyp pudaklaryna bagyşlanýar. Dördünji zalda döwlet sylaglary we sowgatlary görkezilýär. Dürli senelere bagyşlanan ýadygärlik we ýubileý pullar ünsüni özüne çekýär. Bäşinji zalda etnografiýa esbaplary görkezilýär. Gadymy golýazma kitaplar, milli egin-eşikler, şaý-sepler, saz gurallary muzeýi görmäge gelýänlerde uly gyzyklanma döredip, olary gadymyýete alyp gidýär. Altynjy zalda başlangyjyny Oguzhandan alyp gaýdýan şöhratly taryhymyz barada gürrüň berilýär. Bu ýerde sensorly displeýiň kömegi bilen türkmen halkynyň urugbaşysynyň döredijiligi, dürli döwürlerde biziň ata-babalarymyzyň döreden döwletleri baradaky maglumatlar berilýär. Türkmenistanyň kartasynda bütin dünýä meşhur bolan taryhy-medeni ýadygärlikleriň ýerleşýän ýeri aýratyn görkezilen. Şeýle-de bu ýerde arheologiýa gazuw-agtaryş işleri döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tapylan tapyndylar goýulandyr.

 

 Türkmenistanyň Galkynyş monumenti Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abraýyny we şöhratyny giňden ýaýyp görkezýär hem-de halkymyzyň ýagty geljegimize tarap ynamly ädimler bilen öňe barýandygymyza şaýatlyk edýär.