Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, 2015-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde “Ballar deýin şerbetli türkmen gawuny” atly serginiň açylyşyna, sergini görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

Ballar deýin şerbetli türkmen gawuny

 

“Türkmen gawuny halkymzyň rysgal

çeşmesiniň bir dury bulagydyr,

tagamyna taý tapylmajak nygmatdyr”.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmeniň her bir baýramy uly dabara bilen bellenip geçilýär.

Türkmen gawunynyň 400-den gowrak görnüşi bolup, waharmanyň 72 görnüşi, garrygyzyň 60 görnüşi, gülabynyň 233 görnüşi bellidir. Gawun görnüşleriniň iň kiçi 50 gr agramy bolan “Dessemmaýa” , uly gawun 10 kg agramly äpet “Myhman sowar”, “Koýbaş” gawuny 18 kg agramlydyr.

Türkmen gawunynyň süýjüligi barada aýdylanda waharman,gülaby, paýendeki, zamça, garrygyz ýaly gawunlarymyza taý geljek gawun ýokdur. Gawunyň ýygnalýan wagty dürli-dürlidir. Çalt bişýän görnüşi maý aýynyň ahyrynda bişip ýetişýär. Giçki görnüşi “Garrygyz” güýzde ýetişip, ýaz aýlaryna çenli saklamak mümkinçiligi bar. Ýöne dünýäde iň süýji we datly gawun, saçagymyzyň şasy “waharman” gawuny awgust aýynda ýetişýär. Ýere tohum atyp, käýarym suwarsaň, bereketli türkmen güni öz işini eder - gawuna öz bal ýaly süýjüsini berip, öz wagtynda ýolmasaň özi süýjüliginden, datlylygyndan bişip ýarylýar. Gawunyň sapagyny ýandaga seplenýän wagtlary hem bolupdyr, sebäbi ýandagyň kökleri onlarça metr çuňlukda bolup, yzgary özüne alyp bilýär. Şol sebäpli türkmen bakjasynyň şasyna berilýän üns we “waharman” gawunynyň ýygnalýan wagtynda milli baýram türkmen gawunynyň güni bellenýändigi tötänden däldir.

Berkarar döwletiň, bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ähli beýleki ugurlary bilen bir hatarda türkmen gawunlary hakynda edýän aladalary hem çäksizdir.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem her ýyl türkmen bakja ekinlerniň şasy bolan gawun baýramy mynasybetli sergi gurnalýar. Şu ýyl hem “Ballar deýin şerbetli türkmen gawuny” atly sergi gurnaldy. Bu sergide dokumental fotosuratlar, suratkeşleriň nakgaş eserleri, ekerançylykda, bakjaçylykda ulanylýan zähmet gurallary, esbaplary, şeýle hem muzeýiň gaznahanalaryndan goýlan dürli milli gymmatlyklar we sowgatlyklar sergilenip türkmen gawunynyň şöhratyny has hem dabaralandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň dünýäde deňsiz-taýsyz hasaplanýan türkmen gawunlarynyň ata-babalarymyzdan miras galan görnüşlerini saklamak, täzelerni döretmek, hilini gowlandyrmak, tohumçylyk-seleksiýa işini ýokarlandyrmak, asla bu işleri ylmy esasda alyp barmak maksady bilen gawunşynaslara berýän goldawy, bu ugruň dikeldilmegine we beýleki ähli ugurlar bilen sazlaşykly galkynmagyna getirdi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe bellenilýän bu baýramçylyk milli gymmatlyklarymyza örän uly sarpa goýulýanlygyndan nyşandyr. Şu baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimizi, babadaýhan bakjaçylarymyzy, ähli türkmen halkyny gutlaýarys.