Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, 2015-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde “Berkarar ýurdum-bereketli ýurdum” atly serginiň açylyşyna, sergini görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

Berkarar ýurdum-bereketli ýurdum

„Bu gün bagy-bossanlyga

öwrülen türkmen ýaýlalaryna,

bereketli ak bugdaýyň tolkunlaryna

gözüň düşende göwünler galkynýar“.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Ýurdumyzda däp bolşy ýaly, her ýylyň iýul aýynyň üçünji ýekşenbesi - Galla baýramy giňden we dabaraly bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk  mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde „Berkarar ýurdum-bereketli ýurdum“ ady bilen baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergi muzeý gaznalaryndan çykarylan esbaplar: zähmet gurallary bolan pil, oraklar, aňňal, azal, daş degirmen, soky we soky daşy, kätmen, ussat nakgaşlarymyzyň çeken bugdaý hoşaly meýdanlaryny suratlandyrýan surat eserleri, orak orluşy, dokumental fotosuratlar, milli egin-eşikler, saz gurallary, şaý-sepler, keramika önümler, okaradyr-çemçeler, susaklar, bugdaýdan öndürilen çörek we çörek önümleri, bugdaý hoşalary, dürli konditer önümleri sergilenip goýuldy.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen bereketli türkmen topragyna taşlanan bugdaý tohumynyň bir dänesi müň bolup hasyla geldi. Meýdanlarymyzda ygşyldaşyp oturan altyn sümmüller ýurdumyzyň bereket bolçulygyny, azyk garaşsyzlygyny üpjün eder. Parasatly ýaşulylarymyzyň „Bismillasy“ bilen ýurdumyzyň gallaçy kärendeçileri billerini berk guşap, arly ýyl çeken zähmetiniň miwesini ýygnamaga girişdiler. Bu günler galla oragy ähli welaýatlarda güýçli depginde alnyp barylýar. Ýetişdirilen guş-gursak bugdaý hasylyny ýygnamakda ýurdumyzyň mehanizatorlarynyň, kombaýnçylarynyň hem uly goşandy bar.

Türkmen topragynda asyrlaryň dowamynda çörek iň gymmatly baýlyklaryň biri hasaplanypdyr. Türkmenler gadymy siwilizasiýalarynyň biriniň esaslandyryjylary bolmak bilen müňlerçe ýyllaryň dowamynda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdiripdirler.

Arheologlaryň  Jeýtun, Änew, Pessejik depe ýadygärliklerinde geçiren gazuw-agtaryş işleri ol ýerdäki gurluşykda ulanylan çig kerpiçde, suwag laýlarynda, bugdaýyň gabygynyň, gylçygynyň, sünbüliniň, samanynyň, dänesiniň barlygy ýüze çykaryldy. Şu täsin maglumatlar Türkmenistanyň ak bugdaýyň Watanydygyna güwä geçýär. Ak bugdaý bereket bolçulygy, ýedi hazynanyň biri hasaplanylýar. 2005-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherçesinde „Ak bugdaý“ muzeýi açyldy.

Bugdaý – bu berkarar döwletimiziň azyk garaşsyzlygynyň, ilatymyzyň rysgal berekediniň özeni, ýaşaýşyň gözbaşy, dowamatyň delilidir. Gallaçy babadaýhanlar – Galla baýramyna uly zähmet ýeňişleri bilen geldi. Bu guwandyryjy zähmet ýeňşini eýelemeklikde parasatly ýurtbaştutanymyz döwletimizi ähli taraplaýyn özgertmek hem ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň hemme pudaklarynda batly öňegidişleri gazanmak ugrundaky taýsyz tagallalary dur.

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen dünýäniň iň öňdebaryjy öndürijilerinden satyn alynýan kämil oba hojalyk tehnikasy daýhanyň ýakyn ýardamçysyna öwrülýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň döredilmegi bolsa bu ugurdaky gazanyljak ylmy üstünliklere, oba hojalyk ugry boýunça açylan aspiranturalarda hem doktoranturalarda zehinli, geljekde paýhasyň güýjüni siňdirip, mähriban topragymyzy gülletjek türkmen alymlarymyzyň kämil nesli ýetişip gelýär.

 Bu zamana rysgal-bereketli, duz-çörekli zamanadyr. Bugdaý ekýän halk bagtlydyr, döwletlidir, dowamlydyr.

Döwletimiziň rysgal-berekedine bereket goşýan gujurly, gaýratly babadaýhanlar! Döwlet möçberinde bellenilýän Galla baýramyňyz gutly bolsun! Toýlarymyz toýlara ulaşsyn!