Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, 2015-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde “Medeniýet–halkyň ruhy baýlygy” atly serginiň açylyşyna sergini görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

Medeniýet - halkyň ruhy baýlygy

 

„Ýurdumyzda amala aşyrylýan çuň özgertmeleriň, gazanylýan

üstünlikleriň many-mazmunyny, asyl maksadyny giňden wasp

 etmek medeniýet we sungat işgärleriniň belent borjudyr.“

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmusynda bolup geçýän möhüm özgertmeleriň netijesinde medeniyetiň we sungatyň ösüşi hem ýokary derejelere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2009-njy ýyldan bäri her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi bu ulgama berilýän uly ünsüň miwesidir.

Ösüşiň kämil ýoluna düşen Türkmenistanyň medeni syýasatynyň maksady ýurtda adamyň, jemgyýetiň, döwletiň ruhy kämilliklere eýe bolmagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Onuň ösüşleri, kämil özgertmeleri bilen okgunly öňe barýan medeniýetimiz, sungatymyz ata Watanymyzyň adyl döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir.

Halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek we bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşleriniň möhüm ugruna öwrüldi.

Daşary ýurtlarda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri we daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, ýurdumyzda guralýan köp sanly halkara medeni çäreler-sergiler, festiwallar, ylmy-döredijilik maslahatlary, gözden geçirişler göz öňünde tutulýan maksada ýetmekde özboluşly medeni syýasat hökmünde biziň döwletimizde barha täsirini artdyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanyp birnäçe çäreler geçirilýär. Muzeý medeniýet ulgamynyň habar, wagyz edarasy hökmünde medeniýetiň we sungatyň gazananlaryny halka ýetirmek maksady bilen muzeýiň gaznahanasynda saklanylýan gymmatlyklardan düzülen ”Medeniýet-halkyň ruhy baýlygy” atly sergi gurnady. Serginiň ylmy konsepsiýasy işlenilende medeniýete we sungata degişli ugurlaryň ählisini diyen yaly görkezmek göz öňüne tutuldy. Serginiň özeni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýeti we sungaty ösdürmekde alyp barýan işleriniň netijesidir. Olar fotosuratlaryň, maglumatlaryň, wideo görnüşleriň hem-de köpsanly eksponatlaryň üsti bilen beýan edilýär.

Bu sergide belli suratkeşleriň sungat eserleri, dürli görnüşli heýkeller we häzirki zaman küýzegärçilik sungatynyň önümleri sergilenip görkezilýär.

 Serginiň dowamynda binagärçilik sungatyna degişli taryhy arhitektura ýadygärlikleriniň, häzirki zaman medeni arhitektura binalarynyň suratlarynyň sergilenmegi muzeý synlaýjylaryna olary synlap deňeşdirmäge mümkinçilik döredilýär. Haly sungatyna degişli bolan milli nagyşlar salnyp dokalan hem-de turkmen tebigatyny suratlandyrýan häzirki zaman şekilli halylaryna seredeniňde bu sungatyň gadymyýetden häzirki güne çenli nä derejede ösendigine göz ýetirýärsiň.

Şeýle-de, sergide saz sungatyna degişli milli saz gurallarynyň dürli görnüşlerini, medeni we taryhy yadygärliklerimiziň foto suratlaryny, gadymy zergärçi ussalarynyň ellerinden dörän milli şay-sepleri hem-de hormatly Prezidentimize sowgat berlen we Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan häzirki zaman ajaýyp zergärçilik sungat eserlerini görmek bolýar.

Umuman aýdylanda, bu sergi terbiýeçilik ähmiýetli, ýerlikli we örän täsirli sergi bolup, onda türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan medeniýetiniň hem-de sungatynyň ýokary kämillige ýeten ajaýyplyklarynyň jemlenendigine göz ýetirmek bolýar.