TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy» atly sergi we onuň çäginde «Ýaş suratkeş» atly çagalaryň çeken suratlarynyň bäsleşigi gurnaldy

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Biziň ýurdumyzyň ýaş nesilleri çuňňur bilim alýarlar, ruhy we beden taýdan sagdyn ösýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kararlarynyň biriniň bilimi kämilleşdirmek, şonuň bilen birlikde aspiranturany, ýokary okuw mekdepleri, orta-hünärmentçilik we orta bilim berýän mekdepleri düýpgöter özgertmek hakynda bolmagy tötänden däldir. Sagdyn ýaşaýyş durmuşyny ornaşdyrmak we oňa çagalary ýaşlykdan uýgunlaşdyrmak üçin çagalar baglarynda, mekdeplerde zähmet, sport we aýdym-saz gurnaklary hereket edýär.

Türkmenistanda Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär. Türkmenistan 1994-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Jarnamasyna, şeýle-de çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşuldy. «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köp sanly çäreler geçirilýär. 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy» atly sergi we onuň çäginde «Ýaş suratkeş» atly çagalaryň çeken suratlarynyň bäsleşigi gurnaldy. Serginiň adyndan belli bolşy ýaly, biziň geljegimiz bolan çagalaryň kämil ösüşi barada gürrün berýän gyzykly fotosuratlar, dürli esbaplar, oýnawaçlar görkezilýär. Sergi Döwlet muzeýiniň gaznahanalaryndan çykarylan türkmeniň milli çaga geýimleri, dürli dogajyklar, şaý-sepler bilen bezelip, olar çaga bolan söýgini wasp edýär. Şeýle-de Döwlet muzeýiň işgärleriniň çagalarynyň çeken suratlary we suratkeş Dilorom Ýakubowanyň ýolbaşçylygynda sungatyň inçe syrlaryny öwrenýän zehinli çagalaryň çeken suratlary hem sergilenýär. Suratlary synlap, çaga dünýäsiniň örän täsindigine, olaryň özleriniň döredijiligine uly jogapkärçilik bilen çemeleşýändigine göz ýetirmek bolýar. Çagalar tarapyndan hormatly Prezidentimize berlen birnäçe sowgatlyklar we dürli däne önümlerinden düzülen şekiller, el işleri hem sergä özboluşly many berýär.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Dabara Türkmenistanyň halk heýkeltaraşy Saragt Babaýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň grafika kafedrasynyň uly mugallymy Dilorom Ýakubowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Aşyrmyrat Gurbanow, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri Amangeldi Meredow we Gaýgysyz Meredow, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artisti Begmyrat Çaryýew gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Baş medeniýet müdirliginiň 1-nji sungat mekdebiniň okuwçysy Göwher Hydyrowa fleýta saz guralynda saz çalyp berdi, Täzegül Abylowa, Nurana Abylowa we Melek Demir, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçylary aýdym aýtdylar.

Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.