TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan –rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli «Medeniýet – ruhy kämilligiň gözbaşy» atly sergini gurnaldy.

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýeti beýik rowaçlyklara beslenýär. Medeniýet türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýan uly güýç hasaplanylypdyr we oňa çäksiz sarpa goýlupdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bu däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz her ýylyň özüne örän laýyk gelýän at goýýar. 2019-njy ýyly hem halkymyzyň göwün islegine laýyklykda, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip yglan etdi.

Rowaçlyk! Bu nurana sözi eşiden dessiňe, kalbyňa ýakymly duýgylar dolýar. Çünki ýagşy niýetleriň, halal işleriň rowaçlanmagy  jemgyýetde sagdynlygy, durmuşda abadançylygy kemala getirýär. Rowaçlyk sözüniň üstünlik, şowlulyk ýaly ýetilýän sepgitleri, gazanylýan ýeňşi aňlatmagy onuň durmuşda nähili ähmiýetlidigini doly subut edýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan –rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli «Medeniýet – ruhy kämilligiň gözbaşy» atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň täze 2019-njy  «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar. Esasy orun hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren kitaplaryna, ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösüşlerini janlandyrýan halylara, fotosuratlara, gymmatlyklara, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserlerine berilýär.

Bu çäre dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlaryň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurowyň gutlag sözi bilen açyldy. Soňra TYA-nyň, Taryh institutynyň esasy ylmy işgäri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Mäti Annanurow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professory, geografiýa ylymlarynyň kandidaty Amanguly Magtymow, «Medeniýet»žurnalynyň bölüm redaktory Miwe Bekmyradowa, «Ekologiýa medeniýeti» žurnalynyň bölüm redaktory Jumaberdi Artykow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Sähragül Janmämmedowa, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory Süleýman Ilamanow, «Ahal durmuşy» gazetiniň bölüm redaktory Dürnabat Aşyrowa, «Nesil» gazetiniň uly habarçysy Akgül Saparowa, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmenistanyň  Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň I-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa çykyş etdiler. Şeýle-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy işgärleri, Türkmenistanyň döwlet kitaphanasynyň işgärleri, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplary sergä myhman hökmünde gatnaşdylar.