TÄZE, 2019-NJY ÝYL GUTLY BOLSUN!

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniyet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli halkymyzy Täze, 2019-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýar. Mähriban halkymyz «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip yglan edilen ýyly hormatly Prezidentimiziň töweregine has-da jebisleşmek bilen, agzybirlikde, ynamly hem-de ruhubelentlik bilen garşylaýar.

«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda ýurdumyzda beýik işler, düýpli özgertmeler amala aşyryldy. 2018-nji ýyl ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara baý boldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hem-de Bitaraplygynyň şanly seneleri giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde mähriban Diýarymyz dünýäde güýçli, ýokary depginler bilen ösýän ykdysadyýetli we daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji, abraýly hem-de hormatlanýan döwletdir.

Türkmenistanyň Döwlet medeniyet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri türkmen halkyny, şeýle hem muzeýiň internet saýtyny ulanýanlaryň ählisini Täze ýyl bilen ýene-de bir gezek gutlaýar. «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzda mundan beýläk-de beýik işleriň amala aşyrylmagyny, her bir öý-ojaga rysgal-bereket, abadançylyk, agzybirlik, bagt arzuw edýärler.