GÖWÜNLERIŇ YLHAMYNA BAGYŞLANAN SERGI

Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli bellenilip geçilýän dabaraly çäreler ýurdumyzyň çar ýanyny toý-şagalaňa öwürýär. Munda şu senä gabatlanylýan medeniýet hepdeliginiň uly paýy bar. Ýazyjylaryň, şahyrlaryň, sungat işgärleriniň öz janköýrleri bilen duşuşyklary olaryň ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleri barada halkymyza berýän özboluşly hasabatyna öwrülýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýin

de hem her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlap dürli çäreleri geçirmek, sergi gurnamak, halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan medeniýeti, bu pudakda häzirki döwürde gazanylýan üstünlikler barada gürrüň berýän muzeý gymmatlyklary bilen bu ýere gelýänleri tanyşdyrmak däbe öwrülip gidipdir. Halkymyzyň medeniýetiniň taryhy we şu güni barada gürrüň edere bolsa näçe diýseň zat bar.

Ata-babalarymyzyň döreden medeniýetleri, guran döwletleri dünýä medeniýetiniň ösmegine önjeýli goşant goşupdyrlar. Şolaryň hatarynda Jeýtun, Altyndepe, Marguş medeniýetlerini we Parfiýa döwletini hem-de beýleki köpsanly döwletler bilen bagly medeniýetleri görkezmek bolar. Mysal üçin, Altyndepede (miladydan öňki III-II müňýyllyklar) alnyp barlan gazuw-agtaryş işleri mahalynda keramikanyň kemçilikli hasap edilip taşlanan bölekleri, şlaklar, küýzegärçilik peçleriniň galyndylary, ölen adamlary jaýlamak üçin ulanylan kameralar, ýaşaýyş jaýlarynyň, dini däp-dessurlary berjaý etmek üçin ulanylan jaýlaryň, senetçilere degişli jaýlaryň toplumy ýüze çykaryldy. Bu tapyndylar Orta Aziýanyň günortasynda heniz bürünç asyrynda özboluşly şäher tipli medeniýetiň bolandygyny aýtmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli 2017-nji ýylyň 24-nji iýunynda geçirilen “Medeni miras – halkymyzyň milli buýsanjy” atly ylmy-amaly maslahatda, Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleriniň topary tarapyndan çapa taýýarlanylyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Milli mirasyň hazynasy” atly kitabyň şu maslahatyň çäginde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda, ýene şol maslahatyň çäginde gurnalan “Medeniýet we sungat – göwünleriň ylhamy” atly sergi bilen tanyş bolnan mahaly hem medeni mirasymyzyň we sungatymyzyň taryhy we şü güni barada giňişleýin durlup geçildi.

“Medeni miras – halkymyzyň milli buýsanjy” atly ylmy-amaly maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açyp, medeni mirasymyzy öwrenmegiň ähmiýeti, bu ugurda muzeý işgärleriniň öňünde durýan wezipeler, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeni mirasymyzy öwrenmek meselesine berýän ähmiýeti, bu barada edýän atalyk aladasy barada giňişleýin durup geçdi. Soňra Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Saparmämmet Meredow, Türkmen döwlet maliýе institutynyň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň professory, taryh ylymlarynyň doktory Meret Öwlüýägulyýew, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Ýangibaýewa, Daşoguz wealaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, “Gökdepe” milli muzeýiniň direktory Sytdyhguly Kulyýew, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Maral Gurbansähedowa, “Watan mukaddesligi” muzeýiniň direktory Röwşen Nurmyradow dagy çykyş etdiler.

Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurowyň ýolbaşçylygynda ylmy işgärler tarapyndan çapa taýýarlanylan we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýaňy-ýakynda neşir edilen “Milli mirasyň hazynasy” atly kitabyň maslahatyň çäginde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy hem örän gyzykly geçdi.

Dabarada Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Süleýman Süleýmanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň uly ylmy işgäri Kakajan Baýramow dagy çykyş edip, kitabyň neşir edilmeginiň ähmiýeti, üç dilde bolmagynyň arkasyndan milli gymmatlyklarymyzy bütin dünýäde wagyz etmekde bitirip biljek hyzmaty, onda gozgalýan ylmy meseleler barada durup geçip, onuň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Maslahatyň çäginde gurnalan “Medeniýet we sungat – göwünleriň ylhamy” atly serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen hormatly myhmanlar onda sergilenen muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular.