Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 24-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli “Medeniýet we sungat – göwünleriň ylhamy” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

Medeniýet we sungat – göwünleriň ylhamy

 

„Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri medeniýetiň we sungatyň, milli mirasyň, däp-dessurlaryň galkynýan, ösýän döwrüdir”.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Medeniýet türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýan uly güýç hasaplanylypdyr we oňa çäksiz sarpa goýlupdyr. Ata-babalarymyzyň medeni gymmatlyklara uly sarpa goýmak bilen baglanyşykly ajaýyp däp-dessurlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bu däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2009-njy ýyldan bäri ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli döwlet derejesinde geçirilýän medeniýet hepdeligi bu ulgama berilýän uly ünsüň miwesidir.

Milli Liderimiziň medeniýet ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürmek baradaky tagallalary ýurdumyzda we dünýäniň beýleki döwletlerinde yzygiderli geçirilýän giň möçberli medeni çärelerde hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça geçirilýän şol çäreler bolsa dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam edýär. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamy häzirki zaman jemgyýetiniň isleglerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly öňe gitmegi üçin ägirt uly kuwwata eýe bolmalydyr.

Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Medeniýet we sungat – göwünleriň ylhamyatly sergi gurnaldy. Bu sergide muzeý gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklardan medeniýete we sungata degişli fotosuratlar, wideo maglumatlar, milli saz gurallarymyz, heýkeltaraşlarymyzyň sungat eserleri, keramika önümleriň gymmatly nusgalary, milli nagyşlar salnyp dokalan, şonuň ýaly-da, türkmen tebigatyny suratlandyrýan şekilli halylar görkezilýär. Mundan başga-da, sergide hormatly Prezidentimize sowgat berlen we Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan ajaýyp zergärçilik sungat eserlerini synlamak bolýar. Häzirki zaman zergärçilik sungat eserlerinde döwrümiziň bagtyýar ösüşi, galkynyşy ussat zergärlerimiz tarapyndan çeperçilik taýdan beýan edilýär.