2017-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda sagat 1000-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde „Berkarar döwletimizde muzeý işini kämilleşdirmegiň meseleleri“ atly okuw amaly maslahaty öz işine başlaýar.

Okuw maslahatyna ýurdumyzyň muzeýleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.

Maslahatyň gün tertibine aşakdaky meseleler girizildi:

- muzeýlerde alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini we ylmy işleri (ylmy maglumatlary) ýazmagyň usullaryny kämilleşdirmek;

- muzeý gymmatlyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda gorap saklamak we hasaba almak;

- muzeýlerde alnyp barylýan medeni-aň-bilim işini gowulandyrmak;

- muzeýleriň hemişelik hereket edýän sergi bölümlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgedip gurnamak;

- muzeýlerde alnyp barylýan işleri wagyz etmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak;

- dürli meseleler.

Okuw maslahatynyň çäginde oňa gatnaşyjylar üçin Döwlet muzeýiniň hasaba alyş bölüminiň işleri bilen tanyşmaga, gaznahanalara baryp görmäge, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýindäki sporta degişli hemişelik sergi bölümine we täze açylan Orta asyrlara degişli hemişelik sergi bölümlerine aýlanyp görmäge mümkinçilik dörediler.