Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 22-nji dekabrynda “Türkmenistan orta asyrlarda” atly täze sergi bölümleriniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

Türkmenistan orta asyrlarda

 

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň jeminiň jemlenýän günlerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi türkmen taryhynyň muşdaklary üçin täze ýyl sowgadyny taýýarlady. 2016-nji ýylyň 22-nji dekabrynda muzeý geçmişimiziň janköýerlerini „Türkmenistan orta asyrlarda“ atly sergi bölümleriniň açylyşyna çagyrýar.

Sergi bölümlerinde halkymyzyň orta asyrlardaky taryhy täsin arheologik tapyndylaryň, taryhy ýadygärlikler baradaky şekilli maglumatlaryň, täsirli dioramalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär.

Orta asyrlar türkmen halkynyň ykbalyna uly täsir eden wakalardan doludyr. Hususan-da, bu döwürde türkmenler tarapyndan gurlan ululy-kiçili döwletleriň sanynyň köplügi ünsüňi özüne çekýär. Bu döwletleriň mysalynda döwlet gurmak bilen bagly gadymy oguz däpleriniň orta asyrlarda-da ýaşamagyny dowam edendigini görýäris. Şonuň üçin hem, türkmenleriň orta asyrlardaky taryhynyň aýratynlyklaryna düşünmek üçin Oguz hanyň şahsyýeti we oguz türkmenleriniň nesil daragty bilen ýakyndan tanyş bolmak gerek. Şu ýagdaýy göz öňünde tutup, Türkmenistanyň we türkmen halkynyň orta asyrdaky taryhy baradaky ekspozisiýanyň başynda Oguz han we oguz türkmenleriniň nesil daragty barada düşünje bermek makul bilindi.

Sergi bölümlerinde orta asyrlarda türkmenler tarapyndan gurlan we taryha öz möhürini basan Tahyrylar döwleti, Samanylar döwleti, Gaznalylar döwleti, Beýik Seljuklar döwleti, Garagoýunly döwleti, Akgoýunly döwleti, Osmanly döwleti, Kiçi Aziýada, Hindistanda gurlan türkmen döwletleri, Horezmşalar (Köneürgenç türkmenleri) döwleti ýaly döwletler barada, bu döwürde ýurdumyzyň çäginde ýörgünli bolan dinler, Merwiň, Gürgenjiň (Köneürgenjiň), Dehistanyň, Abiwerdiň, Täze Nusaýyň, Änewiň, Amulyň maddy medeniýeti, taryhy ýadygärlikleri barada täsirli eksponatlaryň üsti bilen gürrüň berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mirasymyza goýýan belent sarpasy, döredýän mümkinçilikleri üçin týüs ýürekden sagbolsun aýdýarys we Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda alan badymyzy indiki ýyllarda-da gowşatmajakdygymyza ynandyrýarys. Goý, milli mirasymyz baradaky aladany döwlet syýasatyna öwren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak bolsun, il, ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn!