Primary tabs
Submitted by museum on 10.07.2024
Türkmen halky ir döwürlerden bäri şatlykly günlerini we möhüm senelerini uludan toý tutyp, dabaralandyryp gelipdir. Mälim bolşy ýaly, her bir toýuň hem öz aýratynlyklary bolup, olar kem-kemden durnukly däp-dessurlara öwrülip gidipdir. Türkmenleriň geçmişde tutan gelin toýundan söz açylsa, ilki bilen kejebe göz öňüňe gelýär. Gelni, adatça, düýäniň üstünde gurnalan kejebä salyp, ýörite ýaş ýigitlerden ybarat bolan atly düzüm bilen getiripdirler. Kerweniň öňüni öz köşegi – torumy bilen akmaýa çekipdir we onuň yzyndan birnäçe düýe dowam edipdir. Däp boluşy ýaly kejebe üçin düýeleriň iň naýbaşysy akmaýa saýlаnypdyr. Akmaýa iň owadan bezeg esbaplar bilen bezelipdir. Olardan düýebaşlyk, düýehalyk, asmalyk, boýunlyk we düýe-yzlyk ýaly bezeg önümlerini aýtmak bolar. Bu bezegler haly önümlerden ýa-da mata böleklerden tikilen esbaplar bolupdyr. Akmaýanyň üstünde ýörite gelin otyrtmak üçin kejebe gurnapdyrlar. Kerweniň geçmeli ýoly uzak bolan ýagdaýynda kerwenler ýörite burunlyk arkaly biri-birine baglanypdyr. Bezeg hökmünde bolsa düýeleriň dyzlaryna ýörite düýe-dyzlyk ýa-da jaňjagazlar dakylypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş toýlary häzirki wagtda özüniň asyl däbini ýitirmän, täze öwüşgüne eýe bolýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bu gadymy däpleri açyp görkezmek maksady bilen “Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri” atly sergi guraldy. Sergide türkmen toýlarynda düýe kerwenini bezemekde ulanylan bezeg esbaplary görkezilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew hormat bilen açdy.
Sergide ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany - Çynar Rüstemowa, “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, “Medeniýet we syýahat” žurnalynyň jogapkär kätibi Aýjan Saparowa, Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Syýahatçylyk” fakultetiniň “Myhmanhana işewürlik” kafedrasynyň mugallymy Gülşat Pirjanowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Çeperçilik dikeldiş we rejeleýiş işler bölüminiň 1-nji derejeli rejeleýjisi (etnograf) Allanazar Sopyýew çykyş etdiler.
Myhmanlar «Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly sergä aýlanyp, özlerini gadymy türkmen toýunyň içinde ýaly duýdylar we şol döwürlere aralaşandyklary barada belläp geçdiler, çünki sergide düýeleriň gadymy bezegleriniň asyl nusgalary ilkinji gezek görkezildi.
Sergi Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk doglan gününe bagyşlanýar.