Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Magtymguly Pyragy we zergärçilik sungaty” atly ylmy maslahat we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny düýpli öwrenmek, aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň meşhur şahsyýetlerine, nusgawy şahyrlarymyza uly hormat goýýar. Olaryň gymmatly mirasynyň halkymyza elýeterli bolmagy barada taýsyz tagallalary edýär. Munuň özi, geçmişde ýaşap geçen ähli söz ussatlarymyza goýulýan sarpadyr hormatdyr. Türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy hem-de onuň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşan Beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyny bezeýän ajaýyp setirleri indi üç asyra golaý wagt bäri halkyň ýüreginde orun alyp gelýär. Onuň “taraşlap şagladan” şahyrana setirlerinden döwrüň sesini eşitmek, zamananyň ruhuny duýmak bolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bize galdyran ruhy, medeni mirasy bu gün dünýä jemgyýetçiliginde nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde sergi hem-de onuň çäklerinde “Magtymguly Pyragy we zergärçilik sungaty” atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň tanymal şahyrlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, döredijilik adamlary, aýdymçylar gatnaşdylar. Maslahaty Durdymyrat Atdaýew – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri açdy. Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Orazdurdy Abdyýew, “Milli goşun” žurnalynyň jogapkär kätibi, şahyr Aşyrmät Garlyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgäri Ýusup Lollakow, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Orazguly Karataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow, Aşgabat şäher häkimliginiň “Aşgabat” döredijilik toparynyň ýokary derejeli aýdymçysy Amanmyrat Agaýew çykyş etdiler. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan “Magtymguly Pyragy we zergärçilik sungaty” atly maslahatda çykyş edenler Diýarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde hem-de dünýä derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagynda bitirýän ägirt uly hyzmatlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ähli döwürlerde dünýäniň belli alymlarynyň, terjimeçi-şahyrlaryň üns merkezinden düşmän gelýändigini hem bir agyzdan nygtadylar.