Submitted by museum on 21.07.2023
Geçmişde türkmen halky özüniň baý taryhy-medeni mirasy bilen tapawutlanypdyr. Halkymyz özüniň taryhy ýolunyň dürli döwürlerinde senetçiligiň ajaýyp nusgalaryny döredipdirler. Şolaryň biri-de, milli özboluşlylygyny saklap, ýokary kämillik derejesine ýetirilen türkmeniň deri senetçiligidir. Deri önümleriniñ taýýarlanylyşynyñ inçe tilsimleri, tejribeleri nesilden-nesle geçip, olar durmuş hajatlary üçin giñden peýdalanylypdyr. Deriden we gönden edilen önümler: egin-eşikler, aýakgaplar, gap-gaçlar ir döwürlerden bäri türkmen halkynyñ durmuşynda uly orun tutup, ol ýaşaýşyñ derwaýys talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ulanylypdyr. Häzirki döwürde-de, deriden öndürilen önümler ýokary hilliligi, berkligi, saglyga peýdalylygy bilen tapawutlanýar.
Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniñ Döwlet muzeýinde “Deri senetçiligi – halkyñ milli mirasy” atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiñ gaznalarynda saklanylýan deriden taýýarlanylan önümler, milli saz gurallar, gönden taýýarlanan durmuş esbaplary, gönüň ýüzüne tikilen heýkel, bilguşak ýaly şaý-sepler, aw esbaplary, egin-eşikler, şekillendiriş sungaty eserleri gaznasynda saklanylýan ussat suratkeşler tarapyndan deriniñ ýüzüne çekilen ajaýyp nakgaş eserleri aýratyn orny tutýar. Deri tikinçi ussasynyň esasy çig maly bolup iri we ownuk mallaryñ derileri hyzmat edipdir. Hojalykda guýudan suw çykarmak üçin gowa, suw guýup goýmakda tulum ulanypdyrlar. Uzak ýola rowana bolanlarynda daş gaplary (käse) salmak maksady bilen serkeçler peýdalanylypdyr. Ol teletinden taýýarlanyp, gap goýar ýaly boşlukdan, gapakdan, guşakdan bolup, eýeriñ gaşyndan asylypdyr. Bedew atlaryñ eýeri, uýanlar toplumy, göwüsbent, boýunlyk, gözlük ýaly şaý-sepleri hem kümüş bilen gönden taýýarlanypdyr. Içmekleriñ, possunlaryñ, telpekleriñ, aýakgaplaryñ gönden tikilmegi ýyly we jan saglyga peýdasy bolupdyr. Serginiñ soñunda deri önümleriniñ gadymdan galan nusgalarynyñ häzirki zaman deri önümleri bilen sazlaşykly ýerleşdirilmegi deri senetçiliginiñ dowam etdirilip, kämilleşdirilip, sungat derejesine ýetirilendigini äşgär edýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy.
Sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Aşgabat şäheriniň Ýaşulylar geňeşiniň agzasy we Gaýrat medalynyň eýesi Bibigözel Mämmedowa, Gökdepe etrabynyň hususy deri senetçisi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi, Çeper döredijiligiň halk ussasy Kakamyrat Karanow, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat hem-de Milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ýusup Lallakow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Bahartäç Rüstemowa çykyş etdiler.
Dabarada täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Deri senetçiligi – halkyň milli mirasy» atly sergä aýlanyp gördüler.