Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-nji ýylyň 12-nji fewralynda Baýdak baýramyna bagyşlap “Ýaşyl Tugum – Berkararlyk Nyşany” atly sergininiň açylyşyna görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

Ýaşyl tugum-berkararlyk nyşany

1994-nji ýyldan bäri türkmen halky her ýylyň 19-njy fewralynda Watanymyzyň Döwlet baýdagynyň gününi baýram edip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes baýdagymyz hakynda: “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şanly Garaşsyzlygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de abadan durmuşymyzyň nyşany bolan ýaşyl Baýdagymyzyň gelip çykyşy taryhy müňýyllyklardan gözbaş alýan hem-de Watan gymmatlygyny, mukaddesligini alamatlandyrýan gadymy nyşanlarymyz hakyndaky milli düşünjelerimizi has-da baýlaşdyrýar” diýen ajaýyp we çuňňur manyly sözleri hem mukaddesliklere goýulýan hormatdan nyşandyr. Şonuň üçinem döwleti baýdakdan, baýdagy hem döwletden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli döwlet nyşanlary türkmen halkynyň ruhy galkynyşynyň, milli mirasynyň ajaýyp gözellikleriniň bir ýere jemlenip, türkmen milletiniň bitewüliginiň beýanydyr. Özbaşdaklygymyzyň, özygtyýarlygymyzyň, döwletliligimiziň nyşany bolan, halkymyzyň özboluşly dünýägaraýşyny, milli häsiýetini özünde jemleýän Döwlet baýdagymyzyň häzirki görnüşi, reňkiniň manysy örän gadymydyr. Baýdagymyz Oguz han atamyzyň ruhy siňen, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesini özüne siňdiren türkmen ruhudyr. Türkmen halkynyň baýdaga uly mukaddeslik hökmünde garamagy hem ýöne ýerden däldir. Parasatly gojalarymyz ony mukaddeslik derejesine göterip, öz durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi hasaplapdyrlar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde „Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly“ mynasybetli Baýdak baýramyna bagyşlap „Ýaşyl tugum – berkararlyk nyşany“ atly sergi gurnaldy. Bu sergide Hormatly Prezidentimiziň portreti hem-de Döwlet baýdagymyz we Döwlet gerbimiz, olar hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan göçürmeler serginiň görnükli ýerinde orun berildi. Ondan başga-da türkmenleriň guran birnäçe döwletleriniň, has takygy Oguz türkmenleriniň beýik Hun döwletiniň baýdagyny, Garahanly türkmenleriniň, Gaznaly türkmenleriniň, Beýik Seljuk türkmenleriniň, Köneürgenç türkmenleriniň, Eýýuby türkmenleriniň, Memluk türkmenleriniň, Osman türkmenleriniň, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriniň, Sefewi türkmenleriniň, Owşar türkmenleriniň döwletleriniň baýdaklarynyň suratlaryny görmek bolýar. Şeýle hem, sergide Baýdak baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyklarda düşürilen fotosuratlary synlamak bolýar. Serginiň merkezinde ýüňden we ýüpekden dokalan halylaryň üstünde bäş welaýatyň horjunlarynyň ýerleşdirilmegi hem-de olaryň üstünde täsin sowgatlyklar-zergärçilik sungat eserleri sergilenmegi ýurdumyzda höküm sürýän agzybirligiň, asudalygyň alamatydyr.