Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2015-nji ýylyň 28-nji dekabrynda “2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” atly serginiň açylyşyna sergini görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly

 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň agzybir halky hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2015-nji bitaraplyk we parahatçylyk ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Mähriban halkymyzyň bu ýyly hem geçen ýyllar ýaly, uly-uly sepgitlere, guwandyryjy wakalara baý boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky beýik işleri barha rowaçlanýar.

Mähriban Prezidentimiziň alyp barýan taýsyz tagallalary netijesinde 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy türkmen halkynyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Emeli hemramyzyň älem giňişligine uçurylmagy bilen telearagatnaşyk ulgamynda täze bir eýýam açyldy.

Ak mermere beslenýän söýgüli şäherimiz Aşgabat dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň paýtagtlaryna egin deňleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüş-özgerişlerinde, ylymda, bilimde, medeniýetde, ykdysadyýetde, sportda, syýahatçylykda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda ýeten belent sepgitlerini sungatyň dilinde äleme äşgär edýän ajaýyp nyşanlar, heýkeller bilen bezelýär. Şu ýylyň 25-nji maýynda, Aşgabat şäheriniň gününde, paýtagtymyzda birbada “Arkadag”, “Abadançylyk”, “Ýyldyz”, “Ylym” “Ak bugdaý”, “Sagdynlyk” binalarynyň açylmagy, hormatly Prezidentimiziň saýlap alan ak ýoly bilen nurana ertirlere barýan halkymyzyň ýürek buýsanjyny goşalandyrdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäheri 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi we şu mynasybetli agzybirligi hem-de dost-doganlygy wagyz edýän çäreler ýylyň dowamynda yzygiderli, ýokary derejede geçirildi. Mähriban Prezidentimiziň döredijilik zehininden gözbaş alýan “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan” atly aýdymyň “Türkmeniň ak öýüne” ýygnananlar tarapyndan belent heňde aýdylyp, birbada iň köp adamyň ýerine ýetiren aýdymy hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilmegi hem-de ýaňy ýakynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi, “Görogly” dessançylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi taryha altyn harplar bilen ýazylan wakadyr.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýene-de bir ýyly, haýyrly işleri, şatlykly we taryhy wakalary özünde jemlän 2015-nji ýyly arka atyp barýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen şu ýyly jemlemek maksady bilen “2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly atly sergi gurnady. Bu sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan gymmatlyklar täze düşürilen fotosuratlar, kitaplar, halylar, türkmen saz-gurallary, zergärçilik eserleri görkezildi.