Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2015-nji ýylyň 3-nji dekabrynda “Bitaraplyk – parahatlyk senasy” atly serginiň açylyşyna sergini görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

BITARAPLYK PARAHATLYK SENASY

 

Eziz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä döwletleri bilen köpugurly daşary syýasatymyzyň amala aşyrylmagynda örän möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Türkmenistan ýurt Garaşsyzlygyna, onuň yzysüre bolsa hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmak bilen, halkara hukugynyň özbaşdak we doly hukukly subýekti hökmünde dünýä bileleşiginde aýratyn orna mynasyp boldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry biziň ýurdumyz üçin hakykatda ähmiýetli wakany tassyklady - hut şol gün, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji sessiýasynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda ,,Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky,, taryhy Rezolýusiýa kabul edildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe bolmagynyň şanly XX ýyllygy mynasybetli yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda ýurdumyzyň içinde hem-de daşary ýurtlarda dabaralara we çärelere badalga berildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň XX ýyllyk senesi diňe bir biziň halkymyzyň we döwletimiziň durmuşynda däl, eýsem, halkara derejesinde hem parahatçylygy berkitmek işi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan şanly wakadyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Ösüş meseleleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi edarasynda geçirilen ýokary maslahatda eden taryhy çykyşy hem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Milli Liderimiz belent münberlerden bütin adamzadyň bagtly, abadan, eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen örän möhüm teklipleri, başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp gelýär we ol başlangyçlar dünýäde giň goldaw tapýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky Türkmenistanyň Milli baýramyny - Bitaraplyk gününi giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Mähriban halkymyzyň eýeleýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik taglymatlarynyň aýdyň ýüze çykmasyna öwrülen, ähli halk tarapyndan söýülýän bu baýramçylyk Türkmenistanyň her bir künjeginde ýyl-ýyldan barha giň gerim bilen we dabaraly bellenilip geçilýär. Bitaraplygymyzyň şanly XX ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ,, Bitaraplyk parahatlyk senasy atly sergi gurnaldy.

Bu sergide muzeýiň gaznasyndan saýlanylan esbaplar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt Prezidentleri bilen duşuşyklaryna hem-de BMG-niň 64-nji sessiýasynda çykyş edip duran pursatyna degişli fotosuratlar toplumy görkezilýär.

Sergide hormatly Prezidentimize sowgat berlen ajaýyp zergärçilik sungat eserlerine has köp orun berilýär. Türkmen ussalarynyň elinden çykan zergärçilik eserleri many-mazmuny boyunça serginiň temasyny açyp görkezmäge ýardam berýär. Sergide bulardan başga-da Milli Liderimiziň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny açyp görkezýän haly sungaty hem-de hormatly Prezidentimiziň ýazan kitaplary we Türkmenistanyň Bitaraplygyna degişli soňky ýyllarda çap edilen kitaplar, albomlar, žurnallar sergilenýär.