Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2015-nji ýylyň 25-nji noýabrynda “Hasylyňa bereket, mähriban halkym” atly serginiň açylyşyna sergini görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

Hasylyňa bereket, mähriban halkym!

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sahabatly türkmen topragynyň berekedi hiç wagt egsilmesin.

Türkmenistanyň Prezidenti   

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Türkmeniň milli baýramçylyklarynyň biri bolan hasyl toýy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryndan we milli däp-dessurlaryndan, ilimiziň agzybirliginden, jebisliginden, zähmetsöýerliginden we halallygyndan alyp gaýdýar.

Türkmen topragy – bereketli toprak. Sebäbi biziň bu behişdi ýerlerimizde ösdürilip ýetişdirilýän ir-iýmişlerimiz, miweleriň ählisi datlydyr. Topragymyzyň, howamyzyň, günüň şöhlesiniň, has dogrusy, tebigatymyzyň üýtgeşikligi netijesinde iň bir gymmatly çig mal bolan inçe süýümli pagta biziň topragymyzda kemala gelýär.

Däp bolşy ýaly, her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen ili hasyl toýuny dabaraly belleýär. Döwletimiziň ähli welaýatlarynda, etrapdyr obalarynda şatlyk-şagalaňa beslenip geçirilýän hasyl toýy ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine goýulýan belent sarpanyň nyşany bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny doly özgertmek, daýhanlaryň zähmetiniň has netijeli we düşewüntli bolmagyny gazanmak, ýerden köp hasyl öndürip, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek üçin bimöçber işler durmuşa geçirýär. Türkmen daýhanlary hormatly Prezidentimiziň özleri barada edýän düýpli aladalaryny görüp, duýup ýaşaýarlar, işleýärler.

Hasyl toýy mynasybetli ýyrdumyzyň ähli künjeklerinde toý dabaralar geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem hasyl toýy mynasybetli “Hasylyňa bereket, mähriban halkym!” atly sergi gurnaldy. Bu sergide türkmeniň bereketli topragynda önýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny wasp edýän nakgaşçylyk eserleri, foto dokumental suratlar, haly we haly önümleri, bäş welaýatyň milli nagyşlary dokalan içi pagtaly horjunlar, türkmen halkynyň bereket bolçulygyny alamatlandyrýan bugdaý desseleri , bulardan başgada gadymy Änew medeniýetiniň taryhy ýadygärlikleri we milli gymmatlyklarynyň fotosuratlary, muzeý gaznahanalarynda saklanýan milli gymmatlyklar toplumy, zähmet gurallary, taryhy tapyndylar sergide öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimizi we edermen hasyl ussatlaryny hasyl toýy bilen gutlaýarys.