Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2015-nji ýylyň 4-nji noýabrynda “Türkmen halkynyň geýinmek we bezenmek medeniýetiniň asyl nusgalary” atly her aý geçirilmegi maksat edinilen okuw-seminar maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2015-nji ýylyň 4-nji noýabrynda “Türkmen halkynyň geýinmek we bezenmek medeniýetiniň asyl nusgalary” atly her aý geçirilmegi maksat edinilen okuw-seminar maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
 
,,Milli lybaslarymyzyň Bagtyýarlyk döwründäki täze öwüşginleri“ diýen tema bagyşlanylan maslahatyň bu gezekki mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň halk hudožnigi Öwezmuhammet Mämmetnurow, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow, TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň ylmy işgäri Akjagül Nurgeldiýewa, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşiginiň hünärmeni, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa, ,,Garagum“ žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Çeperçilik-dikeldiş we rejeleýiş işler” bölüminiň 1-nji derejeli suratkeş-rejeleýjisi Maýsa Abdullaýewa, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Uzukjemal Ýazjumaýewa, şeýle-de ,,Gökdepe“ milli muzeýiniň direktory Sytdyhkuly Kulyýew dagylar öz dokladlary bilen çykyş etdiler. 
 
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleridir Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlardan galan ýakymly täsirler myhmanlaryň kalbynda milli mirasymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.