Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz döwletim - Bagtyýar döwrüm” atly serginiň açylyşyna, sergini görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

Garaşsyz döwletim - Bagtyýar döwrüm

 

Garaşsyz Watanymyz biziň her birimiz üçin ezizdir, onuň şan-şöhratyny has-da belende götermek uly bagtdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Merdana ata-babalarymyz asyrlar boýy özbaşdak, erkin, Garaşsyz döwlet gurmagy arzuw edipdirler. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan türkmen halkynyň taryhyna müdimilik giren örän möhüm we şanly senedir. 24 ýyl mundan ozal bu taryhy günde halkymyz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen mukaddes we beýik hukugyna biziň häzirki ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň berk binýady bolan Garaşsyzlygyna eýe boldy.

Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz ähli ugurlar boýunça ýokary depginler bilen ösýär we ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlaryny we jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmäge gönükdirilen ägirt uly özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transkontinental halkara demir ýolunyň açylyp ulanylmaga berilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasynda ykdysady, söwda, medeni we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hil we mukdar taýdan has-da ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berer.

2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmeginiň ýurdymyzda hemme taraplaýyn gazanylýan üstünliklere uludan badalga berendigini bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyzyň oňyn başlangyçlarynyň netijesinden ýurdumyzda täze emele gelen häzirki zaman ulgamy bolan kosmos işini ýola goýmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi döredildi. “Türkmen Älem 520E” ilkinji aragatnaşyk hemrasy Ýeriň orbitasyna uçuryldy.

Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde ilkinji bolup çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň global forumynyň belent münberinde Türkmenistanyň ähliumumy abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygynyň has amatly bolmagyny gazanmaga gönükdirilen anyk tekliplerini beýan etdi.

Garaşsyzlyk ähli türkmenleriň ykbaly üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan bagtdyr. Türkmen halky her ýylda Garaşsyzlyk baýramyny uly dabara bilen belläp geçýär. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem “Garaşsyz döwletim - Bagtyýar döwrüm” atly baýramçylyk sergisini gurnady. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, Döwlet Baýdagymyz we Gerbimiz bilen başlaýar. Onda, esasan, Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara orun berilýär. Sergi muzeý gaznalaryndan saklanylýan gymmatlyklardan taýýarlanyldy. Bu gymmatlyklaryň aglaba köpüsi altyn-kümüşden hem-de gymmatbaha daşlardan ýasalan, Garaşsyzlygymyzy wasp edýän zergärçilik eserleridir. Şeýle hem, sergide nakgaşçylyk eserleri, tebigatymyzy wasp edýän suratly halylar, kitaplary, aýry-aýry pudaklara degişli gymmatlyklar görkezilýär.