Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2015-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda “Türkmen halkynyň geýinmek we bezenmek medeniýetiniň asyl nusgalary”

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2015-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda “Türkmen halkynyň geýinmek we bezenmek medeniýetiniň asyl nusgalary” atly her aý geçirilmegi maksat edinilen okuw-seminar maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. ,,Aýdym-saz we tans toparlarynyň sahnadaky egin-eşikleriniň kämilleşmegi“ diýen tema bagyşlanylan maslahatyň bu gezekki mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň halk hudožnigi Öwezmuhammet Mämmetnurow, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ,,Dokmaçylar“ medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Halk artisti Annajemal Nurmuhammedowa, Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Faýzulla Eminow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow, ,,Serdara serpaý“ tans toparynyň tans goýujysy Maksat Garaýew, Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa bölüminiň müdiri Enebaý Amanberdiýewa, ,,Zenan kalby“ žurnalynyň bölüm redaktory Gülşat Taganowa we telekeçi zenan Oguljennet Çopanowa dagylar öz dokladlary bilen çykyş etdiler.
Seminara ýurdumyzyň meşhur ,,Serpaý”, ,,Galkynyş”, ,,Laçyn” folklor toparlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň, ,,Meňli”, ,,Näzli” we ,,Aşgabat” tans toparlarynyň sungat ussatlaryndan wekilleriň gatnaşmagy, maslahatyň işiniň has-da täsirli, ýatda galyjy we netijeli bolmagyna itergi berdi.
Maslahata Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleridir Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlardan galan ýakymly täsirler myhmanlaryň kalbynda milli mirasymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.