2015-nji ýylyň 26-njy awgustynda sagat 1000-da “Türkmen halkynyň geýniş medeniýetiniň asyl nusgalary”

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2015-nji ýylyň 26-njy awgustynda sagat 1000-da “Türkmen halkynyň geýniş medeniýetiniň asyl nusgalary” atly okuw-seminar maslahaty geçirilýär. Bu seminarda Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň halk hudožnigi Öwezmuhammet Mämmetnurow, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gyzylgül Kyýasowa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdiri Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, zergär Myrat Sähedow, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh institutynyň uly ylmy işgäri Gunça Agabalowa we Türkmenistanyň muzeýleriniň ylmy işgärleri öz dokladlary bilen çykyş ederler.