Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, 2015-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde gurnalan “Bilime baý ýurdum beýik ösüşde” atly serginiň açylyşyna, sergini görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

Bilime baý ýurdum beýik ösüşde

 

„Men halkymyň eşretli durmuşynyň gözbaşlaryny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýärin“

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň has ýokary göterilýän häzirki döwründe Mähriban Prezidentimiziň Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda goşmak ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri, beýik başlangyçlary barha rowaçlanýar. Milli Liderimiz türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolup, hünär kämilligini ele almagy üçin dyngysyz tagalla edýär.

Döwlet Baştutanymyz „Biziň ýaşlarymyz ýurdumyzyň geljegidir, şonuň üçin hem olara bilim bermäge güýçlerimizi we serişdelerimizi gönükdirmek bilen biz halkymyza onlarça ýyl önünden bagtyýar we bolelin durmuşy üpjün edýäris“ diýip, bilim ugrunda uly işler amala aşyrýar.

Soňky ýyllaryň dowamynda bilim ulgamynda ägirt uly özgertmeler bolup geçdi. Mekdeplerde okatmagyň 12 ýyllyk usulyna geçildi, okuw maksatnamalaryna düýpli özgertmeler girizildi. Mekdeplerde ähliumumy kompýuterleşdirmek hem-de Internet ulgamyna giňden aralaşmak, täze okuw usullarynyň girizilmegi, ýokary hilli okuw gollanmalarynyň çap edilmegi, daşary ýurt dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleriniň möhüm ugurlary bolup durýar. Bedenterbiýäniň we sportyň ösdürilmegine, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Biziň iň arzyly arzuwlarymyzyň hasyl bolýan zamanasy-bu ajaýyp döwür-bilimiň ak ýollaryny açyp, ýaşlara ganat beren zamana. Ine-de, bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşlarynyň müňlerçesi talyplyk bagtyna eýe bolup, bilimler dünýäsiniň ak ýolunda täze belentlige gadam basdylar.

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni şatlykly dabara bilen bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem bu baýramçylyk mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyzdan „Bilime baý ýurdum beýik ösüşde “ atly sergi gurnaldy. Sergide milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda zergärlerimiziň ajaýyp sungat eserler, täze okuw kitaplary, Hormatly Prezidentimiziň bilim baradaky neşir edilen kitaplary, aýdan pähimli sözleriniň ýazgylary, şeýle hem ýurdumyzda ylym-bilim ugrunda amala aşyrylýan taryhy işleri beýan edýän ýazgylar we fotosuratlar görkezilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ynsanperwerligiň, gülläp ösüşleriň, bilimiň hem ylymyň, bagtyýar çagalygyň, arzuwlary hasyl bolýan ýaşlaryň, döwletli iliň mekanydyr!