Hemişelik bitaraplyga bagyşlanan sergi

 

2017-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly XXII ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk parahatlyk nyşany” atly serginiň açylyşyna bagyşlanan dabara bolup geçdi.

Serginiň açylyş dabarasy, däp bolup gelşi ýaly, köp adamly boldy. Oňa ýurdumyzyň görnükli döredijilik we medeniýet işgärleri, syýasatşynaslar hem-de ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Ö. Mämmetnurow açdy we dabara gatnaşyjylary golaýlap gelýän şanly baýram hemişelik Bitaraplygymyzyň XXII ýyllygy bilen gutlady. Ol öz çykyşynda häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygy barada buýsanç bilen nygtady. Soňra dabarada“Zaman” gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew, “Ekologiýa medeniýeti” žurnalynyň bölüm redaktory Jumamyrat Artykow, Milli bilim institutynyň bölüm müdiri Ogulbaýram Meläýewa, “Esger” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Gülşirin Hanowa, Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň mugallymy Azat Annaýew, şahyr Güljemal Garaýewa, Türkmen Döwlet Ulag we aragatnaşyk institutynyň uly mugallymy Maral Nuryýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň mahabat we neşir bölüminiň müdiri, şahyr Orazgylyç Çaryýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljemal Orazdurdyýewa dagy çykyş edip, bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýan hemişelik bitarap döwletimizde bu gün ähli ugurlarda ägirt uly taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we geljek nesillere ýetirmäge uly ähmiýet berilýändigi, hormatly Prezidentimiziň golaýda halkymyza gowşan “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň munuň ýene bir mysalydygy, şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň geljek ýyly “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip atlandyrmak baradaky teklibiniň bütin il-ulsumyz, şol sanda medeniýet işgärleri tarapyndan gyzgyn garşylanandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çykyşlar tamamlanyp, serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen myhmanlar onda görkezilen gymmatly muzeý gymmatlyklary bilen tanyş boldular.