Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly XXII ýyllygy mynasybetli gurnalan “Bitaraplyk – parahatlyk nyşany” atly serginiň açylyşyna gatnaşmak we sergini synlamak isleýänleriň ählisini 2017-nji ýylyň .....

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly XXII ýyllygy mynasybetli gurnalan Bitaraplyk parahatlyk nyşany atly serginiň açylyşyna gatnaşmak we sergini synlamak isleýänleriň ählisini 2017-nji ýylyň 4-nji dekabrynda sagat 1500-da myhmançylyga çagyrýar.

 

 

                                           “Bitaraplyk mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy hereketlendirijisi boldy”.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Bütin adamzadyň parahat we abadan ýaşaýşyna gönükdirilen öňdengörüjilikli ynsanperwer syýasaty amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artyp, dünýä syýasatyndaky orny has-da berkeýär.

Bitaraplyk halkymyzyň agzybirliginiň, baky bagtyýarlygynyň synmaz sütünidir. Parahatçylyk we durnuklylyk, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýän döwletimiziň Bitaraplygyna bu gün dünýä derejesinde uly ähmiýet berilýär. Muňa 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ikinji gezek “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky” Rezolýusiýanyň kabul edilmegi-de aýdyň güwä geçýär.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan „Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly“ diýlip yglan edilen 2017-nji ýylda Bitaraplygymyzyň şanly XXII ýyllygy giňden bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Bitaraplyk parahatlyk nyşany” atly sergi gurnaldy.

Sergide muzeýiň gaznasyndan saýlanyp alnan esbaplar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň döwlet baştutanlary bilen duşuşyklaryna hem-de BMG-niň 64-nji sessiýasynda çykyş edip duran pursatyna degişli fotosuratlar toplumy ýerleşdirilipdir. Sergide hormatly Prezidentimize sowgat berlen ajaýyp zergärçilik sungat eserlerine hem giň orun berilýär. Türkmen ussalarynyň elinden çykan zergärçilik eserleri serginiň temasyny many-mazmun taýdan açyp görkezmäge ýardam berýär. Şonuň ýaly-da, milli Liderimiziň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny açyp görkezýän şekilli halylar, hormatly Prezidentimiziň ýazan kitaplary we soňky ýyllarda Türkmenistanyň Bitaraplygy barada çap edilen kitaplar, albomlar, žurnallar serginiň täsirliligini has hem artdyrýar.

Bir söz bilen aýdylanda, “Bitaraplyk parahatlyk nyşany” atly serginiň ekspozisiýasy berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki, sebitde we bütin dünýäde asudalygy, parahatçylygy goramakdaky taryhy hyzmatyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.