Hasyl toýuna bagyşlanan sergi

 

         Türkmen topragynda hasyl ýygnalmaýan döwür ýok diýseň hem boljak. Şol bir ýerden iki, üç hasyl almagy başarýan daýhanlar bar. Daýhan üçin öz çeken zähmetiniň miwesini gören güni – baýram. Emma onuň üçin güýzüň ahyrynda – noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde döwlet derejesinde bellenilip geçilýän Hasyl toýunyň gymmaty has aýry bolup durýar. Çünki bu gün bütin halk daýhanlaryň ýyl boýy çeken zähmetiniň miwelerine olaryň özleri bilen birlikde begenýär, olara alkyş aýdýar. Has tapawutlanan daýhanlara berilýän döwlet sylaglary bolsa, bir tarapdan, daýhanlarda kanagatlanma duýgusyny döretse, ikinji tarapdan, olary indiki ýylda has hem netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

         Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygyny ösdürmek, daýhanlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak barada edýän aladalaryna zähmet ýeňişleri bilen jogap bermäge çalyşýan türkmen daýhanlary üstümizdäki 2017-nji ýylda hem dürli ekinlerden bol hasyl aldylar. Bu gün olaryň öz çeken zähmetleriniň hözirini görmäge doly haky bar.

         Ýeriň ýüzündäki ilkinji ekerançylyk ojagy hasaplanýan ata Watanymyzda ata-babalarymyzyň bu ugurda müňýyllyklaryň dowamynda toplan tejribesini öwrenmek, ony häzirki döwrüň talaplaryna hyzmat etdirmek wezipesi hemişe derwaýyslygyny saklap gelýär. Ýurdumyzda ekerançylygyň geçen ýoluny yzarlamaga, onuň häzirki döwürdäki ýagdaýyna göz ýetirmäge muzeý gymmatlyklary uly ýardam berýärler. Şony göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Bereket eçilýär türkmen topragy” atly sergi gurnalyp, 2017-nji ýylyň 10-njy noýabrynda onuň açylyş dabarasy bolup geçdi.

         Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Ö.Mämmetnurow açdy we dabara gatnaşyjylary golaýlap gelýän şanly baýram – Hasyl toýy bilen gutlady. Ol öz çykyşynda häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan oba hojalygyny ösdürmäge uly üns berilýändigini nygtady. Bu gün öz halal zähmetleri bilen toprakdan bol hasyl alyp, halkymyzyň desterhanyny nazy-nygmatlar bilen bezeýän daýhanlarynyň işlemegi, halal baýamagy üçin ähli oňyn şertler döredilýär.

         Dabara Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň bölüm müdiri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow, TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň geobotanika we milli gerbariý barlaghanasynyň müdiri Pirli Kepbanow, Ulag we aragatnaşyk institutynyň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň mugallymy Maral Nuryýewa, “Bereketli toprak” gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Altyn Baýramdurdyýewa, ”Ahal durmuşy” gazetiniň bölüm redaktory Dürnabat Aşyrowa, “Galkynyş” gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Leýli Gurbanowa, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň edebi drama bölüminiň müdiri Mämmetgurban Mämmetgurbanow, “Ekologiýa medeniýeti” žurnalynyň bölüm redaktory Jumamyrat Artykow, “Aşgabatçörek” önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalyşygy guramasynyň başlygy Annaberdi Annaýew dagylar gatnaşdylar. Myhmanlar dabarada çykyş edip, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda, şol sanda oba hojalygy pudagynda hem uly ösüş-özgerişleriň gazanylýandygyny nygtadylar. Şahyrlaryň birnäçesi özleriniň bu şanly baýrama, babadaýhanlarymyzyň päk zähmetine, ene topraga bagyşlan goşgularyny okap berdiler.

         Dabara Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň wekilleri, ýokary we ýörite hünärmençilik okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar.

          Myhmanlar soňra bereketli türkmen topragynda gadymdan gözbaş alýan ekerançylygyň taryhyna, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen babadaýhanlarynyň gazanýan zähmet ýeňişlerine bagyşlanan “Bereket eçilýär türkmen topragy” atly sergide ýerleşdirilen dürli muzeý eksponatlary bilen tanyşdylar.