Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Hasyl toýy mynasybetli gurnalan “Bereket eçilýär türkmen topragy” atly serginiň açylyşyna gatnaşmak we sergini synlamak isleýänleriň hemmesini 2017 ý. 10-njy noýabrynda 15:00 myhmançylyga çagyrýar.

 

Bereket eçilýär türkmen topragy

 

- Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

         “Harman toýuny” ýa-da “hasyl toýuny” etmek hem türkmenlerde ir döwürlerden bäri däp bolup gelýär. Hasyl toýuny tomusda galla ýygnalandan soňra, güýzde bolsa beýleki ekinleriň hasyly ýygnalansoň edilipdir. Bu baýram geçmişde şeýle şekilde bellenilipdir. Topragy bilelikde bejerýän ekerançylyk jemagatynyň agzalary (bu jemagat 10-15 adamdan ybarat birnäçe topardan emele gelipdir) umumy hasylyň belli bir mukdaryny alyp, ony satypdyrlar. Olar bugdaý satyp gazanan pullaryna azyk önümlerini satyn alypdyrlar. Täze hasylyň unundan çörek bişiripdirler. Baýramçylygy obada ýa-da arassalanan bugdaý dänesiniň harmanynyň başynda belläpdirler. Harman toýuny köplenç güýz paslynda edipdirler. Daýhanlar bu toý üçin gerek zatlary şäriklik esasynda pul goşup alypdyrlar we toýa tutuş obany çagyrypdyrlar. Toýda hyzmat edýän gözlegçiler ullakan agaç tabaklarda adamlara bugdaýyň täze hasylyndan bişirilen ýarmany çekipdirler. Harman toýy gadymy baýramçylyk bolup, ony ekerançylyk bilen meşgullanýan türkmenleriň ählisi belläp geçipdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Hasyl toýy baýramçylygy döwlet derejesinde bellenilip geçilýär. Bu döwlet tarapyndan oba hojalyk ulgamyna uly üns berilýändigini görkezýär. Hasyl toýy mynasybetli zähmetde tapawutlanan daýhanlaryň dürli döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy, olary ak bugdaýdyr “ak altyndan” we gaýry ekinlerden ýokary hasyl almaga, ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmaga, oňat netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar. Sahawatly güýz paslynyň bereket bilen jemlenýän nurana güni – egsilmez şatlyga hem çäksiz buýsanja beslenen Hasyl toýunyň joşgunly dabarasy Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alýar. Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde toý dabaralary geçirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem hasyl toýuna bagyşlanyp “Bereket eçilýär türkmen topragy” atly sergi gurnaldy. Bu sergide türkmeniň bereketli topragynda önýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny wasp edýän nakgaşçylyk eserleri, resmi fotosuratlar, haly we haly önümleri, bäş welaýatyň milli nagyşlary bilen bezelen içi pagtaly horjunlar, türkmen halkynyň bereket bolçulygyny alamatlandyrýan bugdaý desseleri, bulardan başga-da, gadymy Änew medeniýetiniň taryhy ýadygärlikleriniň we şol ýerden tapylan medeni gymmatlyklaryň fotosuratlary, muzeý gaznahanalarynda saklanýan milli gymmatlyklaryň toplumy, zähmet gurallary, taryhy tapyndylar öz beýanyny tapdy.