MILLI MIRASYMYZYŇ ÝAŞLARY TERBIÝELEMEKDÄKI MÖHÜM ORNUNA BAGYŞLANAN DABARA

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köptaraply milli mirasymyzyň içgin öwrenilmegi, geçmişden miras galan gymmatlyklarymyz baradaky maglumatlaryň halkymyz, şol sanda ýaşlarymyz üçin elýeterli edilmegi barada yzygiderli aladalanýar. Ýetip gelýän 2018-nji ýylyň “Türkmensitan –  Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilmeginiň aňyrsynda-da ilkinji nobatda ata-babalarymyzyň geçmişde döreden medeniýetlerine, medeni gymmatlyklaryna bolan buýsanç, olaryň halkara gatnaşyklarynda, söwda işlerinde toplan tejribelerini öwrenip, häzirki döwre hyzmat etdirmek, milli mirasymyzyň üsti bilen geçmişimize, şu günümize akyl ýetirip, geljegimize yşyk tutmak ýaly asylly maksatlar ýatyr.

         Aslyýetinde halkymyzyň taryhyny, medeni mirasyny toplamak, dikeltmek, aýawly saklamak we ony wagyz etmek, şol gymmatlyklaryň üsti bilen ýaşlarda Watana, halka söýgi döretmek muzeý işiniň esasy wezipeleri bolup durýar. Çagalara, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna, orta okuw mekdepleriniň okuwçylaryna halkymyz, ýurdumyz, tebigatymyz, taryhymyz, medeniýetimiz barada bilimdir düşünje bermek arkaly olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň medeniýetli dynç almaklaryna ýardam bermekde muzeýleriň üstüne uly paý düşýär. Ýaşlarymyzy muzeýlerde alnyp barylýan ylmy aň-bilim işleri bilen tanyşdyryp durmak, olaryň guralýan köpçülik çärelerine gatnaşyp durmaklaryny gazanmak hemişe oňyn netije-de berýär. Üstümizdäki ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy ösdürmek boýunça alyp barýan işleri nesillere görelde mekdebidir” diýen at bilen geçirilen dabaraly çäre munuň aýdyň mysalydyr. Dabarany Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açyp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda muzeý ulgamyny ösdürmäge uly üns berýändigini, milli mirasymyzy gorap saklamalydygymyzy, ýaş nesillerimizi terbiýelemek işinde ondan ýerlikli peýdalanmalydygymyzy yzygiderli ýatladyp, bu barada görkezmeler berip durýandygyny aýratyn nygtap geçdi. Soňra dabarada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew, Türkmen döwlet maliýе institutynyň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň professory, taryh ylymlarynyň doktory Meret Öwlüýägulyýew, Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Bekiýew, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Sapargeldi Durdyýew, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Ruslan Jumaýew, “Watan” gazetiniň habarçysy, şahyr Orazdurdy Atahanow dagy çykyş edip, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyza, medeniýet ojaklaryna, şol sanda muzeýleriň işine goýulýan uly sarpa, hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky edýän aladasyna mynasyp jogap bermek üçin muzeý, medeniýet işgärleriniň öňünde duran jogapkärli wezipeler hakda giňişleýin gürrüň etdiler.

         Dabaraly çäräniň tamamlanmagy bilen, onda çykyş edenler we beýleki myhmanlar Döwlet muzeýiniň düzümindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň hemişelik sergilerinde goýlan gymmatly eksponatlary ýakyndan synlamaga mümkinçilik aldylar. Sergi myhmanlarda uly täsir galdyrdy.