GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGI

 

 

         Biziň her birimiz üçin Garaşsyzlyk baýramy iň tolgundyryjy we iň dabaraly baýramdyr. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda türkmen halkynyň durmuşynda täze taryhy döwre – bagtly geljege ymtylýan erkin, parahatçylyk söýüji döwletiň gurluşygyna badalga berildi. Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygyny Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda güýçli depginde ösýän, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýan döwlet hökmünde garşylaýar. Biz berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmeleriň, gadymy topragyň gülläp ösüşiniň, şäherlerimiziň we obalarymyzyň, gözel paýtagtymyzyň keşbiniň gowulyga tarap özgerişiniň şaýady bolýarys.

         2017-nji ýylda paýtagtymyzda halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly waka – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bolup geçdi. Onda türkmen türgenleri 89 altyn, 70 kümüş, 86 kümüş – jemi 245 medal gazanyp, türkmen sportynyň abraýyny öň görlüp-eşidilmedik belentlige göterdiler.

Döwlet muzeýiniň işgärleri ýurdumyzda gazanylýan her bir üstünligiň gözbaşynda şanly Garaşsyzlygymyzyň durandygyna aýdyň göz ýetirýärler. Muzeýde her ýyl Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp ýörite sergi gurnalýar. Bu däp bu ýyl hem dowam etdirildi. 2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda bu ýerde ,,Garaşsyzlyk bilen galkynýar Watan” atly serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açyp, beýik Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmaty, garaşsylyk ýyllarynyň içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly işler barada durup geçdi. Soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, geografiýa ylymlarynyň kandidaty, professor Amanguly Magtymow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň bölüm müdiri Atageldi Nepesow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň esasy ylmy işgäri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Mäti Annanurow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat merkeziniň habarçysy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Ejegyz Çaryýewa, “Watan” gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Aýsenem Gurbanowa, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýetçilik bilimleri bölüminiň müdiri Ogulbaýram Meläýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň uly ylmy işgäri Maral Sahatowa, “Milli goşun” žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmet Garlyýew, “Ahal durmuşy” gazetiniň bölüm redaktory Durnabat Aşyrowa dagy çykyş edip, ata-babalarymyzyň ýurdumyzyň garaşsyzlygy barada eden arzuwlarynyň hasyl bolmagy bilen türkmen halkynyň öňünde peýda bolan täze mümkinçilikler, Garazsyzlygyň sarpasy, ony zähmetde gazanylan üstünlikler bilen berkitmegiň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Dabara Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary, esgerler myhman hökmünde gatnaşdylar.

         Serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen myhmanlar Garaşsyzlygymyzyň taryhyndan we şu gününden söz açýan muzeý gymmatlyklaryny synladylar. Sergi olarda uly täsir galdyrdy.