Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda sagat 15.00-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli gurnalan “Garaşsyzlyk bilen galkynýar Watan”

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda sagat 15.00-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli gurnalan “Garaşsyzlyk bilen galkynýar Watan” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak we sergini synlamak isleýänleriň hemmesini myhmançylyga çagyrýar.

 

Garaşsyzlyk bilen galkynýar Watan

 

- Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Garaşsyzlyk mukaddes düşünjedir. Ol özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we geljegine akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär.

26 ýyl mundan ozal halkymyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe boldy. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda kabul edilen “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda” Türkmenistanyň konstitusion Kanuny halkymyzyň garaşsyzlyga bolan erk-isleginiň hukuk binýadyny emele getirdi.

Agzybir türkmen halky Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna uly zähmet sowgatlary bilen barýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz özüniň saýlap alan döredijilik, ynsanperwerlik we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýar.

Garaşsyz watanymyzda geçýän her ýylyň öz ýatdan çykmajak aýratynlygy bolýar. Üstümizdäki ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegi, sentýabr aýynda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirlip, onda türkmen türgenleri uly üstünlige eýe bolmagy 2017-nji ýyly beýleki ýyllardan tapwutlandyran esasy aýratynlyklaryň biridir. Bu oýunlaryň geçirilýän günleri halkymyzyň baý medeniýetini, ruhy we maddy mirasyny ýene bir gezek dünýä tanatmak, wagyz etmek üçin hem ajaýyp pursat boldy. V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga we tomaşa etmäge gelen daşary ýurtly türgenleri, janköýerleri we myhmanlary halkymyzyň köpdürli gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen Olimpiýa şäherçesindäki Jemgyýetçilik medeniýet merkezinde türkmen halkynyň baý medeniýetine, ruhy we maddy mirasyna bagyşlanan ýörite sergi gurnaldy. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda goralyp saklanylýan gymmatlyklara uly orun berildi.

Bu gün mähriban diýarymyzda uly toý. Türkmen halkynyň garaşsyz döwlet barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwynyň hasyl bolanyna 26 ýyl doldy. Şu mynasybetli Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem “Garaşsyzlyk bilen galkynýar Watan” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Onda aýry-aýry pudaklarda garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler barada gürrüň berilýär. Sergi muzeýiň gaznalarynda goralyp saklanylýan eksponatlaryň esasynda taýýarlanyldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasdan doly kitaplary, ussat nakgaşlaryň eserleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli ajaýyp halylary we beýleki muzeý gymmatlyklary orun aldy.