Şehit bolan watandaşlarymyza bagyşlanan sergi

 

 

         Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzyň ähli ýerinde ata Watanymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde wepat bolan edermen gerçekler gahryman ata-babalarymyz hormat bilen ýatlanylyp, olaryň ruhuna aýat okalýar, sadakalar berilýär. Ulus-ilimiziň gatnaşmagynda 1881-nji ýylyň Gökdepe söweşinde, 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan watandaşlarymyzy hatyralamak, olaryň ruhuna degsin etmek üçin, şol gahrymanlaryň hormatyna gurlan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilýän matam çäresiniň uly ähmiýeti bar. Belent baýryň üstünde ýerleşýän bu toplum müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan taryhymyz, halkymyzyň gadymy hakydasy bilen tapyşdyrýar. Şol bir wagtyň özünde-de ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň geçmişi hakdaky hakykaty şu günki we geljekki nesillere elýeter etmek baradaky aladasyna şaýatlyk edýär.

         Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ata-babalarymyzyň sarpasyny belende götermek, olaryň görkezen gahrymançylyklarynyň esasynda ýaş nesillere watançylyk terbiýesini bermek üçin uly işler alnyp barylýar. 3-nji oktýabrda hem bu ýerde hatyra gününe bagyşlanyp gurnalan “Şehit bolan watandaşlarymyz” atly serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Dabarany muzeýiň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açyp, ýurdumyzda milli mirasymyza, halk hakydasyna, geçmişde şehit bolan ata-babalarymyza uly sarpa goýulýandygyny, şu günlerde geçirilýän çäreleriň esasynda şol belent sarpanyň ýatandygyny nygtap geçdi. Soňra Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Süleýman Süleýmanow, Köpetdag häkimliginiň Ýaşulylar geňeşiniň başlygy Gurbandurdy Annadurdyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professory Gully Akynyýazow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň esasy ylmy işgäri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Mäti Annanurow, Aşgabat şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň agzasy, zähmet weterany Ogulgül Annageldiýewa, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, “Garagum” žurnalynyň bölüm müdiri Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Maksat Döwletow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa dagy çykyş edip, geçmişde ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklary, Aşgabat ýer titremesi bilen bagly pajygaly wakalar, şu günki parahatçylykly günleriň gadyr-gymmaty barada gyzykly gürrüň berdiler. Dabara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň talyplary, Aşgabat şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň agzalary myhman hökmünde gatnaşdylar.

         Serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen myhmanlar gymmatly muzeý gymmatlyklaryny synladylar. Sergi olarda uly täsir galdyrdy.