Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabryndan “Şehit bolan watandaşlar” atly sergini görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

Şehit bolan watandaşlar

“Aşgabat şu gün, ak mermere bürenip, gündogaryň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi we indi ol sebitiň ýaraşdyryjy merkezi hökmünde giňden tanalýar”.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Mährem mekanymyz bolan türkmen topragymyzda her ýylyň 6-njy oktýabry - 1948-nji ýyldaky elhenç Aşgabat ýer titremesiniň pidalary bolan mähribanlarymyz ýatlanylyp, Milli matam güni bellenilip geçilýär. Türkmen halkynyň taryhynda şol hasratly wakadan bäri 69 ýyl geçdi, ýöne şol pajygaly waka hakyndaky ýatlama henize-bu güne çenli her bir türkmenistanlynyň kalbynda öçmeçek yz galdyrdy.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilen güýz gijesi umumymilli matam güni hökmünde taryha girdi, ol gije bolan eýmenç ýer titremesi paýtagtlylaryň we onuň töweregindäki oba-etraplaryň ilatynyň on müňlerçesiniň ömür tanapyny kesdi. Bu türkmen halky üçin iň pajygaly wakadyr.

Bu aýylganç ýer titreme zerarly, paýtagtymyzyň daş-töwereginde ýerleşen obalaryň köpüsi weýran boldy. Ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, zawodlar hem-de fabrikler, hassahanalar, institutlar, muzeýler we medeni-taryhy ýadygärlikler göz açyp-ýumasy salymyň içinde haraba öwrüldi.

Asyrlar boýy erkana durmuşy, özbaşdak, kuwwatly döwleti arzuwlap gelen türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygyny alandan soň ata-babalarymyzyň asylly ahlak ýörelgelerini, ruhy gymmatlyklaryny, urp-adatlaryny, milli däp-dessurlaryny berjaý etmek bilen, her ýylyň 6-njy oktýabrynda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde ömür tanapy kesilen, şehit bolan müňlerçe ildeşlerimizi, dogan-garyndaşlarymyzy, dost-ýarlarymyzy hatyralap matam tutup, sadakalar berlip, aýat-töwürler edilýär.

ΧΧ asyr türkmen halkynyň ykbalynda juda jebir-jepaly synaglary başdan geçiren asyry hökmünde Beýik Watançylyk urşunyň ýarasy heniz bitmänkä, ildeşlerimiz 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-den 6-na geçirilýän gijesinde tebigy betbagtçylygyň synagy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Bu tebigy betbagtçylykda paýtagtymyzda ýaşaýan 198 müň adamdan 176 müň adam şehit boldy.

Şol tebigy apatdan aman galanlar bu heläkçilikden ejir çeken adamlaryň ömrüni halas etmekde gaýduwsyzlyk görkezdiler. Şol agyr günlerde kömege gelen lukmanlaryň we beýleki saglygy goraýyş işgärleriniň, esgerleriň, gurluşykçylaryň hem bitiren hyzmatlary uludyr. Ýyllar geçdi, Aşgabat şäheri halkymyzyň gaýduwsyzlygy, edermenligi, ruhubelentligi, tutanýerli we joşgunly zähmeti netijesinde diňe bir harabalykdan dikeldilmän, eýsem, häzirki günde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty lowurdap duran ak mermerli şähere - Gündogaryň ajaýyp göwher gaşyna we sebitimizde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimöçber tagallalary bilen amala aşyrylýan ägirt uly, halkymyzyň durmuşyny eşretlere besleýän maksatnamalar, gurulýan binalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş, sport we medeni merkezler paýtagtymyzyň keşbini günsaýyn özgerdýär.

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz pähim-parasady bilen däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz, millilik öýdümlerimiz hem bir kemsiz berjaý edilýär. Bu babatda pederlerimiziň ýagty ýadygärliginiň hatyralanyp,Ýadygärlikler toplumynyň açylmagy hem mysal bolup biler.

Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde matam gününe bagyşlanan Şehit bolan watandaşlar atly sergi gurnaldy. Bu sergide muzeýiň gaznalarynda saklanylýan Aşgabat ýer titremesine degişli bolan foto dokumental suratlar ýerleşdirilỳär. Şol suratlar Aşgabat ýer titremeden öňki görnüşleri, Aşgabat şäheriniñ binagärçilik gurluşygy XX asyryñ başynda we Garaşsyzlyk döwrüniñ binagärçiligine degişli foto suratlara bölünýär. Sergide foto plakatlaryň, çagyryşly plakatlaryň we şygarlaryň birnäçe görnüşleri öz beýanyny tapýar.

Şol tebigy apatdan soň paýtagtymyzyň gülläp ösen döwri kämil ajaýyp binalaryň, seýilgähleriň, ýadygärlikleriň foto suratlary hem görkezilýär. Milli Matam gününde aýylganç tebigy hadysanyñ pidasy bolan watandaşlarymyzyň hatyrasyny saklamak, olaryň ruhlaryna tagzym etmek biziň älhimiziñ mukaddes borjumyzdyr.