TÜRKMEN SPORTYNA BAGYŞLANAN SERGI

 

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdymyzda sportyň dürli görnüşlerini ösdürmäge aýratyn uly üns berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn nesilleri ýetişdirmek baradaky aladasynyň netijesidir. Türkmenistanda sportyň köpçülikleýinligini artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde-de tutuş ýurdymyz boýunça umumy bilim berýän mekdeplerde, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda döwrebap türgenleşik enjamlary bolan sport zallary, basketbol, woleýbol meýdançalary, ýüzülýän howuzlar, tennis kortlary gurulýar. Gökdere jülgesinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezlerinde körpe nesliň döwrebap dynç almagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin niýetlenilen Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän sport desgalary bolsa görenleri haýran galdyrýar. Şu günler halkymyz we dünýäniň çar tarapyndaky sport janköýerleri V Aziýa oýunlarynyň açyk diýip yglan ediljek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Oýunlaryň geçýän günlerinde paýtagtymyzdaky muzeýler ýerli we daşary ýurtly myhmanlary gujak açyp garşylar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem myhmanlara mynasyp hyzmat etmek üçin uly taýýarlyk görülýär. Bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli türkmen sportynyň taryhyny we şu gününi açyp görkezýän “Sport – sagdynlygyň gözbaşy” atly ýörite sergi gurnalyp, 2017-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda onuň açylyş dabarasy bolup geçdi. Dabarany muzeýiň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açyp, türkmen sportynyň şöhratly taryhy, şu günki üstünlikleri, paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada gysgaça durup geçdi. Soňra Türkmenistanyň demokratik  partiýasynyň  Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Süleýman Süleýmanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdiri Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň  Milli sport we syýahatçylyk institutynyň uly mugallymy Jeren Gurbanowa, Aşgabat şäher küşt we şaşka mekdebiniň müdiri  Şöhrat Myratgulyýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň 2-nji bölümçesiniň  başlygy Rüstem Salamatow, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Sapargeldi  Durdyýew, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komutetiniň “Olimp” sport mekdebiniň  mugallymy Täzegül  Çaryýewa, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň mugallymy  Gülşirin Agaýewa, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Azat Annaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň talyp we okuwçy ýaşlar bölüminiň baş hünärmeni Gurbannazar Öwezow dagy çykyş edip, türkmen sportynyň şöhratly geçmişi, sportyň dürli görnüşleri boýunça türkmen türgenleriniň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň türkmen sportyny ösdürmekdäki ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň işgärleri, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komutetiniň “Olimp” sport mekdebiniň okuwçylary, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetiniň, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň talyplary dabara myhman hökmünde gatnaşdylar.

Serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen myhmanlar sport bilen bagly muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular.