Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 13-ne sagat 15:00-da türkmen sportynyň taryhyna we şu gününe bagyşlanan “Sport–sagdynlygyň gözbaşy”

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 13-ne sagat 15:00-da türkmen sportynyň taryhyna we şu gününe bagyşlanan Sport–sagdynlygyň gözbaşy atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak we sergini synlamak isleýänleriň ählisini myhmançylyga çagyrýar.

 

Sport sagdynlygyň gözbaşy

 

“Biz V Aziýa oýunlarynyň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, mizemez agzybirligini we myhmansöýerligini, ýokary watançylyk ruhyny, eziz diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigini we ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä aýdyň görkezmelidiris”.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

 

Bu gün tutuş halkymyz we dünýäniň çar tarapynda ýaşaýan sport janköýerleri paýtagtymyz Aşgabatda geçjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açyljak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Ýurdumyzda şeýle uly sport ýaryşynyň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adam we onuň saglygy barada edýän aladasynyň netijesidir. Bu oýunlar türkmen türgenleri üçin hakyky synag mekdebi bolar. Olaryň bu ýaryşlarda üstünlikli çykyş etjegine tüýs ýürekden ynanýarys. Türkmen sportynyň taryhy, türkmen türgenleriniň geçmişde gazanan üstünlikleri bu ynanjymyzy has hem berkidýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bosagasynda gurnalan Sport sagdynlygyň gözbaşy atly sergi hem türkmen sportynyň taryhyndan we şu gününden söz açýar.

X asyrda ýaşap geçen türkmen küştçüsi Abubekir as-Suly as-Satranjynyň şöhraty dünýä ýaň salypdyr. Ony 905-nji ýyldan tä 946-njy ýyla çenli (ýagny dünýäden ötýänçä) hiç kim küştde utup bilmändir we ol “As-Satranjy” (“beýik küştçi”, “grossmeýster”) diýen hormatly ada mynasyp bolupdyr.

Türkmen milli göreşi öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Geçmişde Gysyremen pälwan, Annadurdy Ýagsogan, Nepes Çakan, Ýazly pälwan, Buzly pälwan, Mojun pälwan, Bähbit pälwan ýaly göreş ussatlarynyň arkasyny ýere degrip bilen bolmandyr. Hudaýberdi Paltaýew türkmen milli göreşi boýunça ilkinji sport ussady we at gazanan tälimçidir. Myrat Saparow bolsa öz döwründe Türkmenistanyň 21 gezek çempiony, 12 gezek bolsa pälwanlaryň pälwany diýen hormatly atlara eýe bolupdyr.

Marat Nyýazow 1960-njy ýylda geçirilen XVII Olimpiýa oýunlarynda sapançadan ok atmak boýunça kümüş medala mynasyp bolupdyr. Ol SSSR-iň 14 gezek, dünýäniň ýedi gezek, Ýewropanyň hem üç gezek çempionydyr. Ol dünýä boýunça iki, Ýewropa boýunça on bir rekordyň hem eýesidir.

Agyr atletikadan söz açyp, garaşsyz döwletimiziň ýaşyl tugynyň astynda çykyş edip, halkymyzy dünýä tanadan at gazanan sport ussady, dünýäniň üç gezek çempiony Altymyrat Orazdurdyýewi (1969 - 1997) ýatlamazlyk asla mümkin däl.

 

Sergide gadymy türkmen topragynda ösüp ýetişen şunuň ýaly dünýä belli tanymal türgenleriň fotosuratlaryny, dürli ýaryşlarda gazanan medallaryny synlan mahalyň türkmen sportynyň şöhratly sahypalary göz öňüňde janlanýar. Onda muzeýiň ýazuw çeşmeler gaznasynda saklanylýan we türkmen sportynyň taryhy bilen bagly wakalardan, şahsyýetlerden söz açýan resminamalara, fotosuratlara aýratyn orun berildi.