Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan sergi

Bilim ösen jemgyýetiň binýadydyr, ýurduň ruhy taýdan hem, medeni taýdan hem, ykdysady taýdan hem ösüşleriniň girewidir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, ösüp gelýän ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagy üçin ýurdumyzda uly mümkinçilikler döredildi. Bu günki günde internetden peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmek ýaşlarymyz üçin adaty bir zada öwrüldi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň täze belentliklere tarap ilerlemeginiň esasy sütünleriniň biri bolan bilim ulgamyny düýpli özgertmek we kämilleşdirmek, bilim hakyndaky resminamalaryň dünýäde ykrar edilmegini gazanmak, ýaşlarymyzyň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyna mümkinçilik döretmek baradaky alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky Kararlarydyr Permanlarynyň esasyny düzýär.

Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabara bilen bellenilip geçilip, täze bilim ýylyna badalga berilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bu baýramçylyga bagyşlap ýörite sergi guramak indi däbe öwrüldi. Şu ýylyň 30-njy awgustynda hem bu ýerde Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp gurnalan Bilim–zehiniň çyragy atly serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Dabarany muzeýiň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler barada gysgaça durup geçdi we soňra söz gezegini myhmanlara berdi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň müdiri Şyhmustafa Hudaýberdiýew, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň usulyýet işleri bölüminiň müdiri Oguljeren Hajyýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulnabat Owlakowa, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýet bilimleri bölüminiň müdiri Ogulbaýram Meläýewa, Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň geografiýa mugallymy Ogulboldy Annaýewa dagy öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşi, bu ugurda gazanylan üstünlikler, bilim öwretmegiň inçelikleri, ýaşlary ylymly-bilimli edip ýetişdirmek boýunça mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary myhman hökmünde gatnaşdylar.

Serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen myhmanlar bilim ulgamyna degişli gymmatly muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular.