TÜRKMEN HALKYNYŇ TUTÝAN ÇAGA TOÝLARYNA BAGYŞLANAN OKUW MASLAHATY WE SERGI

 

Dünýä inen çaganyň başyndaky saçyna ata-babalarymyz “akika” diýipdirler. Ony dünýä inderenligi üçin Allatagala şükür edýändiklerini aňlatmak üçin goýun gurban kesilip, bu kesilen gurbana-da “akika gurbany” diýipdirler. Akika gurbany çaganyň doglan gününden başlap, ol kämillik ýaşyna ýetýänçä kesilip bilinýär, emma onuň ýedinji günde kesilmegi has sogaply hasap edilipdir. Ata-babalarymyz çaganyň dünýä inmeginiň ýedinji gününde sag gulagyna azan, çep gulagyna kamat aýdyp, oňa at goýupdyrlar we başyndaky saçyny syryp, şol saçyň agyrlygynda altyn ýa-da kümüş sadaka beripdirler. Şol gün hem bir goýny gurban kesipdirler. Bu gurbany erkek çaga üçin hem, gyz çaga üçin hem kesipdirler. Olardan her biri üçin bir goýnuň kesilmegini ýeterlik hasaplapdyrlar. Erkek çaga üçin iki goýnuň kesilen halatlary-da bolupdyr.
Çaganyň saglygy we sag-aman ösüp-ulalmagy üçin haýyr dogasy bolsun diýip, soýlan goýnuň süňkleri çapylman, diňe birleşýän ýerlerinden ýazdyrylypdyr we şol şekilde bişirilipdir. Çaganyň pespäl we erbet häsiýetlerden daş bolmagyna yşarat bolsun diýip, soýlan goýnuň süňkleriniň çapylyp bişirilýän halatlary hem bolupdyr. Diýmek, haýsysy edilende-de, dogry bolup, bu niýetiňe bagly bolupdyr.
Gurbanlyk hökmünde soýlan goýnuň etinden ony kesen kişi-de iýip bilipdir, ol başgalaryna hödür-kerem edilip hem, sadaka berlip hem bilnipdir.
Mundan başga-da ata-babalarymyz çaganyň başdan geçirýän dürli pursatlary bilen baglylykda diş toýuny, galpak toýuny, sünnet toýuny uly dabara bilen belläp geçipdirler. Çaga toýlary bilen baglanyşykly däp-dessurlary öwrenmegiň, olary häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda saklap galmagyň we ösdürmegiň halkymyzyň ruhy sagdynlygy üçin uly ähmiýeti bar.
2017-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Mukaddes ojakda toýlanýan toýlar” atly okuw maslahaty geçirildi we oňa bagyşlanylyp gurnalan serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açyp, däp-dessurlarymyzy öwrenmegiň ähmiýeti, halkymyzyň durmuşynda toýlaryň, hususan-da çaga bilen baglanyşykly toýlaryň tutýan orny barada gürrüň berdi. Soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, geografiýa ylymlarynyň kandidaty, professor Amanguly Magtymow “Çaga toýlarynyň ähmiýeti”, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow “Türkmen çaga toýlarynyň gadymy kökleri”, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa “Hüwdüleriň döreýiş taryhy”, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amangül Durdyýewa “Diş toýy bilen bagly däp-dessurlar”, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewa “Alty ganat ak öýüň ýaraşygy sallançak”, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa “Däp-dessurlar – medeniýetiň gözbaşy”, „Ahal durmuşy” gazetiniň habarçysy, şahyr Bahargül Kerimowa “Türkmen halkynda toýlanýan galpak toýy”, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň edebi drama bölüminiň müdiri Mämmetgurban Mämmetgurbanow “Çaga toýlary bilen bagly däp-dessurlar”, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa “Çagalar bilen baglanyşykly toý däp-dessurlarynda zamanabap öwüşginler”, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdiri Agamyrat Baltaýew “Gündogar türkmenleriniň toý däp-dessurlary”, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungat öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa “Çaga bezeg şaýlarynyň çeper aýratynlyklary”, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgäri Merjen Amanberdiýewa “Çaga toýlarynda taýýarlanýan tagamlar”, “Zenan kalby” žurnalynyň bölüm redaktory Ýazgül Annaýewa “Çaga – eziz, edebi – ondan hem eziz” temalary boýunça çykyş etdiler.
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat, Milli golýazmalar institutlarynyň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy işgärleri, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplary diňleýji hökmünde gatnaşyp, çaga toýlary barada giňişleýin düşünje aldylar.
Okuw maslahatynyň tamamlanmagy bilen Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow okuw maslahatyna gatnaşyjylara eden çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi we bu okuw maslahaty mynasybetli gurnalan sergini açyk diýip yglan edip, myhmanlary ony synlamaga çagyrdy. Çaga toýlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary myhmanlarda uly täsir galdyrdy.