Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 27-nji iýulynda sagat 10.00-da geçiriljek “Mukaddes ojakda toýlanýan toýlar” atly okuw maslahatyna we oňa bagyşlanyp gurnalan serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak isleýänleriň ählisin

 

MUKADDES OJAKDA TOÝLANÝAN TOÝLAR

 

Ata-babalarymyz biriniň ýa-da birzadyň, şonuň ýaly-da, adam ömrüniň esasy pursatlarynyň hatyrasyna edilýän üýşmeleňe toý diýipdirler. Çaganyň dünýä inmegi, onuň ösüp-ulalmagynyň aýry-aýry döwürleri bilen baglanyşdyrylyp tutulýan toýlar hem uly şatlyk-şowhuna beslenipdir.

Çaga dünýä inende tutulýan pişme toýuna, bäbek toýuna, birinji dişi çykanda tutulýan diş toýuna, ilkinji galpagy syrylanda tutulýan galpak toýuna körpäniň ene-atasynyň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary çagyrylypdyr.

Türkmenler ogul öýerip, gelin edinensoňlar, çaganyň dünýä inmegine uly höwes bilen garaşýarlar. Çaganyň dogulmagy bilen öýüň şagalaňy has hem artýar. Dünýä inen çaganyň sag gulagyna azan, çep gulagyna kamat aýdylyp, ýagşy doga-dilegler edilýär, goýun öldürilip, toý tutulýar.

Çaganyň ilkinji dişi çykanda, ene-ata şatlanyp, diş toýuny tutýar. Diş çykaran çaganyň aşagyna täzeje zat ýazyp, üstünden patrak, nogul-nabat, käbir ýerlerde bugdaý bilen künjini garyp gowurmak arkaly bişirilen gowurgany seçipdirler. Häzirki döwürde diş çykaran çaganyň üstüne dürli görnüşli süýjüleriň we şaýlyklaryň seçilýän halatlaryna-da duş gelinýär. Diş toýuna gelenler çaga niýetläp sowgat getirýärler. Çaganyň durmuşynda ikinji tutulýan toý galpak toýudyr. Oňa “saç toý” hem diýilýär. Çaga bir ýaşap geçensoň, beýni süňki gataýar we şondan soň onuň çile saçyny syrdyrýarlar. Çaganyň saçyny birinji gezek onuň daýysyna syrdyrmak däp bolup galypdyr. Eger-de daýysy saç syryp bilmeýän bolsa, ol çaganyň kellesine päki degirmek bilen çäklenip, soňra saçy başga biri syrýar. Daýysyna sowgat-serpaý edilýär. Galpak toýda hem çaganyň üstünden “pişme” seçilýär.

Sünnet toýy erkek çaganyň ömründäki iň bir ýatda galyjy toýlaryň biridir. Erkek çaga adatça üç ýaşynyň içinde sünnet edilýär we şol sebäpli uly toý tutulýar. Toýa gelýänler çaga pul, her hili sowgatlar berýärler. Bu sowgatlar, bir tarapdan, sünnet edilende çaganyň duýýan agyrysyny unutdyrsa, beýleki tarapdan, heniz sünnet edilmedik çagalarda sünnet etdirmäge bolan höwesi oýarýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde şu ýylyň dowamynda türkmen halkynyň toý däp-dessurlaryna bagyşlanan okuw maslahatlarynyň birnäçesini geçirmek meýilnamalaşdyryldy. Nobatdaky okuw maslahaty "Mukaddes ojakda toýlanýan toýlar" diýlip atlandyrylyp, oňa bagyşlanyp ýörite sergi gurnaldy. Sergide çaga bilen, çaga toýlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary sergilendi. Bu ýerde çaga eşikleriniň hataryna girýän kürtekçe, kirlik, oglanjyklaryň gyrmyzy dony, ak gaýma tahýasy, ezýaka köýnekleri, gyzjagazlaryň keteni köýnekleri, çabyt we begres donlary ýaly egin-eşikleri, çaga tahýalaryny, çaga çokaýydyr çaryklaryny, şonuň ýaly-da, çagalaryň egin-eşiklerine dakylýan ok-ýaý, ýazma, kürtegulak, dogajyk, bäzbent, ýelpewaç, goçbuýnuz, çaga dagdany, şaýlyklar ýaly bezeg şaýlaryny, ýorgança, ýassyk, gap-gaçlar ýaly dürli görnüşli durmuş esbaplaryny, beýleki muzeý gymmatlyklaryny synlamak mümkin.

Bu gymmatlyklaryň ählisi täsin çaga dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berýär.