Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 15-nji iýulynda Galla baýramy mynasybetli gurnalýan “Ak bugdaýly Watanym” atly serginiň açylyşyna gatnaşmak isleýänleriň ählisini myhmançylyga çagyrýar.

 

AK BUGDAÝLY WATANYM

 

„Bu gün bagy-bossanlyga öwrülen türkmen ýaýlalaryna, bereketli ak bugdaýyň tolkunlaryna gözüň düşende göwünler galkynýar“.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Ýurdumyzda her ýylyň iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde Galla baýramy uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Munuň aňyrsynda uly many ýatyr. Bugdaý galla ekinleriniň naýbaşydyr, çünki beýleki däneli ösümlikleriň hasylyndan bişirilýän çörekleriň hiç bir görnüşi ýokumlylygy taýdan bugdaý çöregi bilen deňleşip bilmeýär. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde-de bugdaýdan alynýan hasylyň uly ähmiýeti bar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda bugdaýdan bol hasyl almak, bugdaý ösdürip ýetişdirýän daýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmeklerini üpjün etmek barada döwlet derejesinde alada edilýär. Milli Liderimiziň “Siziň ähli gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman, tutanýerli we joşgunly zähmetiňiz bilen döredilen belent galla harmanlaryňyz agzybir we asuda halal saçagynyň rysgal-berekedidir, günsaýyn galkynýan we kuwwatlanýan döwletimiziň asudalygynyň, abadançylygynyň, baky berkararlygynyň, mizemezliginiň kepilidir” diýen parasatly sözleri munuň aýdyň mysalydyr. Öz çeken zähmetlerine berilýän ýokary baha, özleri barada edilýän alada gallaçylarymyzyň buýsançly başyny göge ýetirýär.

Hasyl toýy gadymy baýramçylyk bolup, ony ekerançylyk bilen meşgullanýan türkmenleriň ählisi belläp geçipdir. Ol, aýratyn hem, esasan galla we bakja önümleri ösdürilip ýetişdirilýän Tejen oazisinde has meşhur bolupdyr. Döwek döwülýän wagty harmanyň ýele tarapynda ýeliň piri Mirhaýdaryň hormatyna bir taýak dikip, oňa eşegiň ýa-da ýabynyň (ýagny döwekde ulanylýan haýwanlaryň) tezegini sanjypdyrlar. Pahaldan arassalanan dänäni (“gyzyly”) ýörite elekde eläpdirler we elenen bugdaýy “çäç” diýip atlandyrypdyrlar. Bu toý tomusda galla ýygnalansoň tutulypdyr. Geçmişde topragy bilelikde bejerýän ekerançylyk jemagatynyň agzalary (bu jemagat 10-15 adamdan ybarat birnäçe topardan emele gelipdir) umumy hasylyň belli bir mukdaryny alyp, ony satypdyrlar. Olar bugdaý satyp gazanan pullaryna azyk önümlerini satyn alypdyrlar. Täze hasylyň unundan çörek bişiripdirler. Baýramçylygy obada ýa-da arassalanan bugdaý dänesiniň harmanynyň başynda belläpdirler. Toýa tutuş obany çagyrypdyrlar. Toýda hyzmat edýän adamlar ullakan agaç tabaklarda adamlara bugdaýyň täze hasylyndan bişirilen ýarma naharyny çekipdirler.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň hasyl toýy bilen bagly däp-dessurlary täze şertlere laýyklykda ösdürilýär. Galla baýramynyň döwlet derejesinde we tutuş ýurdumyzyň çäginde uly şowhun bilen bellenilip geçilmegi bolsa bu däp-dessurlaryň ähmiýetini has hem artdyrýar.

Galla baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem “Ak bugdaýly Watanym” atly sergi gurnaldy. Bu sergide muzeýiň gaznalarynda goralyp saklanylýan dürli gymmatlyklar-ekerançylykda ulanylýan zähmet gurallary, durmuş esbaplary, hormatly Prezidentimize berlen sowgatlyklar, fotosuratlar, suratkeşleriň nakgaşçylyk eserleri, çörek we çörek önümleri, bugdaý sümmüllerinden boglan desseler sergilenip goýuldy.