LEBAP WELAÝATYNYŇ AMALY-HAŞAM SUNGATYNA BAGYŞLANAN SERGI

 

2017-nji ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi has hem köp adamly boldy. Bu gün bu ýerde Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklardan gurnalan “Lebap welaýatynyň amaly-haşam sungaty” atly bilelikdäki serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň muzeýleriniň arasyndaky işjeň gatnaşyklar has hem giň gerime eýe bolýar. Bu sergi şol gatnaşyklaryň şowly netijeleriniň biridir. Sergide Lebap welaýatyna mahsus halylary we haly önümlerini, keçeleri, zenan maşgalalara hem erkek adamlara degişli milli egin-eşikleri, zenan maşgalalara degişli başgaplary, gündelik durmuşda ulanylan gap-gaçlary, saz gurallaryny, çaga egin-eşiklerini hem-de olara dakylýan bezeg şaýlaryny, şonuň ýaly-da, beýleki gymmatlyklary synlap bolýar.

Ýurdumyzyň dürli sebitlerine mahsus egin-eşikleriň umumy taraplarynyň bolşy ýaly, olar käbir aýratynlyklara hem eýedir. Mysal üçin, Lebap welaýatynda 40-45 ýaşlarynda agtyk gören zenanlar sary esgi başgabyny atynypdyrlar. Onuň ýerligi sary, gyzyl reňkli keteni matadan bolup, nagyşlanan börügiň üstünden geýdirilipdir hem-de bir bölegi alkymyň aşagyndan alnyp, zenan maşgalanyň döşüni ýapypdyr. Sergide bu başgaby ýakyndan synlamak mümkin.

Sergide görkezilen beşir halylary hem gözüňi dokundyrýar. Olary synlan mahalyň kalbyňy ýakymly duýgy gaplap alýar.

Bu günki dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açyp, muzeýleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti, sergini gurnamak bilen öňde goýlan maksat barada gysgaça durup geçdi. Soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, „Adalat“ gazetiniň uly habarçysy Atanyýaz Hangeldiýew, şahyr Annaberdi Goçamanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdiri Agamyrat Baltaýew, “Milli goşun” žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmet Garlyýew, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Bisness reklama” gazetiniň redaktory Maýsa Allaberdiýewa dagy çykyş edip, Lebap welaýatynyň amaly-haşam sungatynyň aýratynlyklary, amaly-haşam sungatynyň häzirki döwürdäki ýagdaýy, bu ugurda gazanylýan üstünlikler barada gyzykly gürrüň berdiler. Şahyrlar goşgy okadylar.

Serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen myhmanlar Lebap welaýatynyň amaly-haşam sungatynyň täsin gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular.