SAGDYN BEDENDE SAGDYN RUH

 

Milli şahyrymyz Magtymguly Pyragy şygyrlarynyň birinde: “Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy” diýmek bilen, halkymyzyň beden we ruh saglygyna bolan garaýşyny ebedileşdiripdir. Türkmen halky hemişe gujur-gaýratyna, dury akyldyr paýhasyna bil baglap ýaşapdyr. Beden saglygy we ruhy saglyk jemgyýetiň sagdynlygynyň girewine öwrülipdir. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz ýaşlary sagdyn hem ugurtapyjy edip ýetişdirmek üçin alada baryny edipdirler. Munda oýunlara uly ähmiýet berlipdir.
Gadymy türkmen oýunlarynyň hataryna girýän hereketli oýunlar has giňden ýaýrapdyr. Olar aglabasy sport häsiýetli oýunlar bolupdyr. Bu oýunlar çagalarda batyrgaýlygy, çalasynlygy, ugurtapyjylygy we geljekki watan goraýjylary üçin zerur bolan beýleki häsiýetleri terbiýeläpdir. Oýunlar häsiýetleri, ähmiýetleri boýunça birnäçe topara bölünipdir. Olaryň käbirleri dürli beden maşklary bilen baglanyşykly bolsa, beýlekileri akyl başarnygyny talap edipdir. Şolardan “ak süňk”, “çilik”, “bukuldym” ýaly oýunlary görkezmek bolar.
Harby häsiýetli oýunlar hem giň gerime eýe bolupdyr. Ýaýdyr peýkam, sapan, çybyklardan örülip ýasalan gylyçlar bu oýunlaryň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Bu oýunlara diňe 7 ýaş bilen 15 ýaş aralygyndaky oglanlar gatnaşypdyrlar.
Diýmek, hormatly Prezidentimiziň üstümizdäki 2017-nji ýyly Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan etmeginiň aňyrsynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda bu ugurda toplan tejribesi, şol tejribäni häzirki döwürde ösen jemgyýetden edilýän talaplara laýyklykda has hem baýlaşdyrmak islegi ýatan eken.
Sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini wagyz etmek işinde adamlaryň yzygiderli gelip duran ýeri bolan muzeýleriň üstüne uly paý düşýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri öz öňlerinde duran bu möhüm wezipäni birjik hem gözden salanoklar. 2017-nji ýylyň 8-nji iýulynda bu ýerde muzeý işgarleri bilen lukmanlaryň, türgenleriň we medeniýet işgärleriniň “Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly duşuşygy bolup geçdi. Duşuşygy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow açyp, ýurdumyzda adamlaryň janynyň sag, ruhunyň belent bolmagy barada edilýän aladanyň ähmiýetini nygtady. Soňra Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiki ylmy-kliniki merkeziniň ylmy, guramaçylyk we usulyýet bölüminiň müdiri Öwezdurdy Hümmedow, “Adalat” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Mämmetgurban Mämmetgurbanow, Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisi Ýakup Öwezow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyş habarlar merkeziniň lukmany Gülnabat Çaryýewa, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymy, Zenanlar gyramasynyň başlygy Jeren Gurbanowa, 8-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Orazhally Pürçikowa dagy çykyş edip, beden we ruh saglygynyň adamlaryň durmuşyna, ömrüne edýän täsiri, türkmen ýaşlaryny sport bilen meşgullanmaga höweslendirmekde şu ýylyň sentýar aýynda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ähmiýeti, adam ruhunyň saglygynyň we kämilliginiň beden saglygyna edýän täsiri barada giňişleýin durup geçdiler.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Döwlet kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Ilkinji Prezidentiniň muzeýiniň işgärleri duşuşyga myhman hökmünde gatnaşyp, çykyşlary üns berip diňlediler.
Duşuşyk oňa gatnaşanlarda gowy täsir galdyrdy.