MILLI MIRASYŇ HAZYNASYNA ZYÝARAT

 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli mirasymyza degişli gymmatlyklary toplamak, gorap saklamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek meselesine uly üns bermek bilen, ony döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri diýip yglan etdi. Geçen 2016-njy ýylyň Mirasa sarpa goýmak we Watany özgertmek ýyly diýip yglan edilmegi we şeýlelik bilen, bütin jemgyýetiň ünsüniň bu möhüm meselä çekilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem hormatly Prezidentimiziň edýän talaplaryna laýyklykda milli mirasymyzy toplamak, gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek we halka ýetirmek boýunça öndümli işler alnyp barylýar. Ine, golaýda muzeýiň işgärleri üçin şatlykly bir waka bolup geçdi. Muzeýiň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurowyň ýolbaşçylygynda ylmy işgärler tarapyndan çapa taýýarlanylan “Milli mirasyň hazynasy” atly türkmen, rus, iňlis dillerindäki kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi. Elbetde, adam öz çeken zähmetiniň miwesinden lezzet alýar.

Kitap hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen halkynyň milli öwüşginlere baý gadymy mirasy sözüň doly manysynda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr” diýen sözleri bilen açylýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurowyň “Milli mirasymyzy gorap saklamakda muzeýleriň tutýan orny” atly giriş makalasynda ýurdumyzda hereket edýän muzeýleriň taryhy we olaryň alyp barýan işleriniň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berilýär.

Kitabyň “Türkmenistanyň iň gadymy taryhy” atly bölüminde Jeýtun, Änew, Garadepe, Akdepe, Altyndepe medeniýetleriniň taryhy, bu medeniýete degişli arheologik tapyndylar, olaryň aýratynlyklary seljerilýär. Bu medeniýetlere degişli arheologik tapyndylaryň asyl nusgasyndan düşürilen fotosuratlar beýan edilýän maglumatlaryň täsirliligini has hem artdyrýar.

Kitabyň indiki bölümi “Gadymy Marguş döwletiniň gymmatlyklary” diýlip atlandyrylypdyr. Bu bölümde Marguş medeniýetiniň aýratynlyklary barada gymmatly arheologik tapyndylaryň mysalynda gyzykly gürrüň berilýär. Şol tapyndylaryň asyl nusgasyndan düşürilen fotosuratlar bu medeniýetiň aýratynlyklaryny doly göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.

Kitabyň nobatdaky “Gadymy Parfiýa” atly bölüminde Parfiýa döwletine mahsus maddy gymmatlyklaryň üsti bilen bu döwrüň taryhy ähmiýeti barada gürrüň berilýär. Köne Nusaýdan tapylan gymmatlyklaryň fotosuratlary bölümde beýan edilýän maglumatlary içgin özleşdirmäge ýardam berýär.

Kitabyň jemleýji bölümi “Türkmenistan orta asyrlarda” diýlip atlandyrylypdyr. Türkmenleriň at-owazasynyň dünýäde has hem belent ýaňlanan döwri bolan bu döwürde ýurdumyzyň medeni durmuşynda uly özgerişlikler bolup geçýär. Arheologik tapyndylar bu döwürde keramika önümçilinde, binagärlikde, durmuşyň beýleki ugurlarynda ýetilen sepgitlere şaýatlyk edip, bu bölüme degişli sahypalary bezeýärler. Bu bölümde Dandanakan şäherindäki metjidiň bezeg bölekleri ýaly öň giň okyjylar köpçüligine mälim bolmadyk gymmatlyklar barada maglumat berlip, olaryň fotosuratlarynyň ýerleşdirilmegi onuň ähmiýetini has hem artdyrýar.

Ylmy esasda ýazylan, suratlar bilen gowy edilip bezelen bu gymmatly kitap taryhçylar, talyplar, giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilipdir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2017-nji ýylyň 24-nji iýunynda geçiriljek “Medeni miras halkymyzyň milli buýsanjydyr” atly ylmy-amaly maslahatyň çäginde “Milli mirasyň hasynasy” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçýär. Kitap barada has giňişleýin düşünje almak isleýänleri şol dabara çagyrýarys we: “Milli mirasyň hazynasyna hoş geldiňiz!” diýýäris.