YLYMLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN SERGI

 

 

Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň ählihalk baýramy hökmünde bellenilip geçilmeginiň uly manysy bar. Türkmen alymlary taryhda dünýä ylmynyň ösüşine mynasyp goşant goşupdyrlar. Orta asyrlarda bolsa köp pudaklary öz içine alýan türkmen ylmy ösüşiň ýokary derejesine çykypdyr. Mysal üçin, X asyryň ahyrynda horezmşa Abu Hasan Aly ibn Mamunyň hökümdarlyk eden zamanynda özboluşly bir akademiýa döredilip, ol ylmyň taryhyna «Mamunyň akademiýasy» ady bilen giripdir. Bu akademiýany Mamunyň weziri Abu Hüseýin Ahmet Sahly esaslandyrypdyr we oňa ýolbaşçylyk edipdir. Mamunyň özi hem alym, edermen we asylzada adam bolupdyr we elbetde, ylma howandarlyk edipdir.

Mamunyň akademiýasynda Abu Reýhan Biruny Horezmi, Abu Aly ibn Sina, Birunynyň halypasy Abu Nasr ibn Yrak ýaly ýüzlerçe alym, şahyr we pelsepeçi zähmet çekipdir.

Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biri bolan Merw XI-XII asyrlarda öz ösüşinde iň ýokary derejä ýetipdir.

Şol döwürde ajaýyp metjitler, medreseler, kümmetler, köşkler we baý şäherlileriň jaýlary Merwiň görküne görk goşupdyr. Şäheriň on sany ägirt uly kitaphanasy bolupdyr. Olaryň arasynda Aziziýe, Kemaliýe kitaphanalary, Şeref al-Mülk Mustaufiniň, Nyzamylmülk Hasan ibn Ishakyň medreseleridir kitaphanalary, Amidiýe, Hatuniýe, Dumaýriýe kitaphanalary has hem meşhur bolupdyr.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň bize miras galdyran ylmy mirasyna uly sarpa goýulýar we türkmen ylmyny dünýä tanatmak barada uly alada edilýär. Ylymlar gününe bagyşlanylyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan „Ylym – ösüşiň we geljegiň ýoly“ atly sergide goýlan köpsanly eksponatlar bu aladanyň gerimini giňişleýin açyp görkezýärler. 2017-nji ýylyň 9-njy iýunynda bu serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Enebaý Amanberdiýewa gutlag sözi bilen açyp, oňa gatnaşýanlary bu dabaranyň geçirilmeginiň maksady bilen tanyş etdi. Soňra Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatrynyň diktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejepow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň ylmy işgäri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Mäti Annanurow, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmeni, geologiýa-minerologiýa ylymlarynyň kandidaty Sahy Şadurdyýew, “Adalat” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Mämmetgurban Mämmetgurbanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri Jemile Orazowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň uly ylmy işgäri Maral Sahatowa, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň dil taýýarlygy kafedrasynyň mugallymy Jahan Gurbanowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Gülşat Baýramowa dagy çykyş edip, türkmen ylmynyň baý taryhy, ýurdumyzda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylmy ösdürmek barada edilýän aladalar, bu ugurda gazanylýan üstünlikler barada gyzykly gürrüň berdiler. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Sungat” studiýasynyň talyplary dabara myhman hökmünde gatnaşyp, öz gözýetimlerini giňeltdiler.

Serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen myhmanlar sergä aýlanyp, gymmatly eksponatlar bilen tanyş boldular.