Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 9-njy iýunynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylym – ösüşiň we geljegiň ýoly” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

YLYM – ÖSÜŞIŇ WE GELJEGIŇ ÝOLY

 

Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemme taraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmekde, edebiýatyň, ylmyň tutýan ornuna aýratyn uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiz ýaş nesillerimiziň çuňňur ylymly-bilimli onda-da dünýä derejeli ylmyň hem ylmy dünýägaraýşyň eýesi bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Biziň halkymyz gadymdan bäri pähim-parasada, ylym-bilime uly sarpa hem gadyr goýan, dünýäde ylymda öçmejek şan-şöhrat gazanan halkdyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilim babatda durmuşa ornaşdyrylýan tutumly işler, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler şöhratly geljegiň kämil binýadydyr. Bilim ulgamynda ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny ornaşdyrmaklyk döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ylmyň dünýä derejesinde laýyk getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, ylym-bilim maksatly gurulýan binalar giň gerimler bilen ýaýbaňlandyrylýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Ylym-bilim syýasatynyň barha rowaçlanýan häzirki döwründe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary-da ýaşlara bilim bermekde täze usullardan netijeli peýdalanýarlar. Bu işde häzirki zamanyň täze tehnologiýalaryndan talabalaýyk peýdalanylyp, döwrebap okuw enjamlary bilen enjamlaşdyrylan binalarda kämil derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzda ylmy ösdürmekde Ylymlar akademiýasynyň gaýtadan döredilmeginiň uly ähmiýeti boldy. Akademiýanyň ylmy institutlarynyň çäginde ýaş alymlaryň ýetişmegi, alymlyk derejelerini almaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi. Aspirantura okuwlarynyň gaýtadan janlanmagy bolsa ýaş alymlar üçin uly goltgy boldy. Netijede, ýaş alymlaryň ençemesi alymlyk derejesine eýe bolup, tejribeli alymlaryň toparynyň üstüni ýetirdiler. Elbetde, ýaş alymlar ylma täze pikirler, täze açyşlar bilen gelýärler. Bu bolsa ylmyň öňe ilerlemeginiň möhüm şertleriniň biridir.

Türkmenistan döwletimizde giňden bellenip geçilýän ylymlar gününe bagyşlanylyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde „Ylym – ösüşiň we geljegiň ýoly“ atly sergi gurnaldy. Sergide dürli döwürlerde ylym ugrunda zähmet çeken alymlaryň fotosuratlary ýerleşdirildi, şonuň ýaly-da, arheologiýa, etnografiýa, tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý esbaplaryna giň orun berildi. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň ylmy kitaplary hem-de ylmyň dürli pudaklaryna degişli beýleki kitaplar sergilendi.

Sergi bilen tanşan adamlar Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym pudagynda gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin düşünje alyp bilerler.