BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ BAGTLY KÖRPELERINE BAGYŞLANAN SERGI

 

Her ýylyň 1-nji iýunynda ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşýan çagalaryň şadyýan sesleri ýurdumyzyň her bir künjüni hakyky baýramçylyga öwürýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem bu gün şadyýan çagalaryň owazyndan dolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda geljegimiz bolan çagalar çuňňur alada bilen gurşalýar. Çagalar baglarynyň täze binalaryny ulanyşa bermek indi ýurdumyzda däbe öwrülip barýar. Şäherlerimizde çagalaryň oýnap, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin niýetlenilen meýdançalaryň sany yzygiderli artýar. Çagalar baglaryndaky terbiýeçilik işleri edepli-ekramly, ylymly-bilimli, medeniýetli nesilleri ýetişdirmäge gönükdirilendir. Bu ýerde çagalar jemgyýetde bilelikde we agzybirlikde ýaşamagyň ilkinji endiklerine eýe bolýarlar, Watanyňy, il-günüňi söýmegi öwrenýärler.

Çagalar barada edilýän aladada ata-babalarymyzyň asyrlar boýy bu ugurda toplan tejribesiniň hem uly ähmiýeti bar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň etnografiýa bölüminiň hemişelik sergi zalyna aýlanan mahalyň has hem açyk göz ýetirýärsiň. Bu ýerde ir döwürlerde türkmen çagalarynyň oýnan oýnawaçlary sergilenýär. Olaryň köpüsiniň terbiýeçilik häsiýetiniň bardygyny görmek bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2017-nji ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gurnalan “Bagtyýarly döwrüniň bagtly körpeleri” atly serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Dabarada „Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi“ žurnalynyň bölüm redaktory, Ýaşlar baýragynyň eýesi Atamyrat Şagulyýew, „Nesil“ gazetiniň bölüm redaktory Annagül Narlyýewa, şahyr Güljemal Garaýewa, “Güneş” žurnalynyň bölüm redaktorlary Goçmyrat Orazdurdyýew we Güljahan Myradowa, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Galkynyş“ at üstündäki oýunlar toparynyň türgeni Röwşen Meläýew, “Milli goşun” žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr Aşyrmet Garlyýew, “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, Aşgabat şäheriniň 29-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Dessegül Mämiýewa, Ýöriteleşdirilen çagalar sungat mekdebiniň saz mugallymy we Zenanlar guramasynyň başlygy Zyba Allanurowa dagy çykyş edip, ýurdumyzda çagalar barada edilýän alada, bu ugurda gazanylýan üstünlikler barada gyzykly gürrüň berdiler, goşgy okadylar. Paýtagtymyzdaky 44-nji orta mekdebiň okuwçysy, “Eýjejik gyzjagaz“ atly bäsleşigiň ýeňijisi Leýli Döwranowanyň, “Merjen däneler” bäsleşiginiň ýeňijisi Jennet Şadowanyň, paýtagtymyzdaky 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Göwher Hydyrowanyň, 2-nji çagalar sungat mekdebiniň dutarçylar toparynyň, 29-njy we 102-nji çagalar baglarynyň çagalarynyň çykyşlary dabarany has hem şowhunlandyrdy.

Soňra serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen myhmanlar çaga dünýäsinden habar berýän täsin eksponatlary ýakyndan synladylar.