BERKARARLYGYŇ WE ŞYGRYÝETIŇ BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGI

 

Magtymguly Pyragy şygyrlarynyň birinde: “Berkarar döwlet islärin” diýmek bilen, köp asyrlaryň dowamynda halkymyzyň öz kalbynda göterip gezen arzuwyny dile getiripdi. Aslyýetinde milli şahyrymyz halkymyzyň barlyk alamatlarynyň birine öwrülmegi başaran, milletimize iň ýokary derejede wekilçilik etmäge hak gazanan täsin ykbally şahsyýetdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bir baýram hökmünde bellenilip geçilmeginiň arkasynda ýatan hakykatlaryň biri hem şudur.

Magtymgulynyň döredijiliginiň syry nämeden ybarat? Onuň halkymyzyň arasynda şeýle uly meşhurlyga eýe bolmagynyň hikmeti nämede? Bu soraglara bada-bat jogap bermek aňsat däl. Onuň üçin halkymyzyň, dinimiziň, dilimiziň, edebiýatymyzyň, medeniýetimiziň taryhynyň ähli inçeliklerine akyl ýetirmegimiz, adamyň ýaradylyş maksadyna düşünmegimiz, ömrümiziň manysy hakda çuňňur oýlanmagymyz gerek. Şahyra her kim özüçe düşünýär, öz zehinine, paýhasyna, gözýetimine görä düşünýär. Her kim şahyryň eserlerinden öz kalbyna mahsus, gözlerine tanyş zady susup alýar. Oňa dürli ýaşlarda dürliçe düşünilmeginiň, eserleri her gezek okalanda täze-täze zatlaryň üstünden barylmagynyň sebäbi hem şunda. Magtymgulynyň şahsyýetiniň, döredijiliginiň ähmiýetine düşünmek üçin şygryýetiň inçeliklerine onuň öz derejesinde düşünmäýeniňde-de, iň bolmanda, onuň ýaşan döwrüniň ruhunu duýmak, onuň okan kitaplaryndan, ynanjynyň pugtalygyndan, ruhy gözleglerinden, tapyndylaryndan habarly bolmak gerek.

Dünýäniň köp ýurtlaryndaky okyjylar halkymyzy hem, döwletimizi hem, edebiýatymyzy hem, medeniýetimizi hem Magtymgulynyň eserleriniň üsti bilen tanaýarlar. Eýsem, halklary biri-birine ýakynlaşdyrmak, dünýäde parahatçylygy, asudalygy, dost-doganlygy berkarar etmek Magtymguly Pyragynyň uly arzuwlarynyň biri bolmanmydy näme? Onuň eserleri şu günlerde-de şol arzuwyň hasyl bolmagyna goşant goşmagyny dowam edýär.

2017-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp gurnalan Döwletiň kanuny ýurduň berkararlygy we Bagtyýarlyk döwri geldi Pyragy atly goşa serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açyp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitler, hazirki durmuşymyzda Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň tutýan orny barada gysgaça durup geçdi. Soňra “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň dirižýory, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow, “Watan” gazetiniň bölüm redaktory Orazdurdy Atahanow, “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory Nurtaç Annamuhammedowa, “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň bölüm redaktory Atamyrat Şagulyýew, “Medeniýet” žurnalynyň bölüm redaktory Miwe Bekmyradowa, Neşirýat gullugynyň neşirýat çaphana orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň müdiri Annagözel Ýagşyýewa, Türkmenistanyň neşirýat gullugynyň hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşiginiň 1-nji derejeli hünärmeni, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Merkezi saýlaw topar edarasynyň guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni Güljemal Nuryýewa dagy çykyş edip, ýurdumyzdaky döwlet kanunçylygynyň esaslary, garaşsyz döwletde ýaşamagyň gadyr-gymmaty, döwlet gurmak barada Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürlen pikirler barada giňişleýin gürrüň etdiler, goşgy okadylar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary dabara myhman hökmünde gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurowyň goşa sergini açyk diýip yglan etmegi bilen dabara gatnaşan hormatly myhmanlar bu sergilerde görkezilen gyzykly eksponatlar bilen ýakyndan tanyş boldular.