2017-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Bagtyýarlyk döwri geldi Pyragy!” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Bagtyýarlyk döwri geldi Pyragy! atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

 

BAGTYÝARLYK DÖWRI GELDI PYRAGY!

 

“Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuryna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir”

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramçylygyň döwletimiziň Baş kanuny we nusgawy edebiýatymyzyň düýbüni tutan Magtymguly Pyragynyň şygryýeti bilen baglanyşdyrylmagynyň çuňňur we taryhy manysy bar. Çünki türkmen halkynyň berkarar we bagtyýar döwlet, agzybirlik we asudalyk baradaky mukaddes arzuwlary akyldaryň döredijiliginde esasy orunlaryň birini eýeleýär.

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda döwletlilik we garaşsyzlyk pelsepesiniň kemala gelmegine ägirt uly goşant goşan danadyr. Ol milletimiziň parasat ummany, akyl derýasy. Magtymguly Pyragy halkymyzyň soňky sekiz asyry öz içine alan döwletsizlik eýýamynda, agyr döwürde ýaşapdyr. Ata-babalarymyz Magtymguly Pyragynyň zamanynda özbaşdak döwlet gurmagyň arzuwynda gezipdir. Olaryň arzuw-hyýallary şahyryň döredijiligine, pähim-paýhasyna uly täsir edipdir, olarda öz beýanyny tapypdyr. Şahyryň ömrüň manysy, ýokary ahlak sypatlary, mertlik hakdaky şygyrlary bolsa halkymyzyň dünýägaraýşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir.

Şahyryň eserleriniň dünýäniň köp dillerine terjime edilip, dünýä edebiýatynyň muşdaklarynyň köňüllerini awlamaga çykmagynyň hem uly ähmiýeti bar. Dünýäniň köp ýurtlaryndaky okyjylar onuň eserleriniň üsti bilen halkymyzy hem, edebiýatymyzy hem, medeniýetimizi hem tanaýarlar. Magtymgulynyň şygyrlarynyň täze terjimeleri häzirki günlerde ýurdumyzda edebi mirasymysy öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda edilýän aladanyň hem aýdyň mysalydyr. Şeýlelik bilen, dünýä edebiýaty şahyrymyzyň eserleriniň täze terjimeleriniň hasabyna baýaýar we dünýä halkymyzy has ýakyndan tanaýar.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hemişe gapdalymyzdan galman, kämil sözüň, uly sungatyň delili bolup ýaşamagyny dowam eder.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp “Bagtyýarlyk döwri geldi Pyragy” atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti hem-de onuň Magtymguly Pyragy barada aýdan sözleri, şonuň ýaly-da, türkmeniň beýik akyldarynyň ömür ýoly, döredijiliginiň aýratynlyklary hakda ýazylan kitaplar bilen tanyşmak mümkin. Sergide görkezilýän zergärçilik eserleriniň biri Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanypdyr.